"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Süýji ýatlamalarym — çagalyk ýyllarym

Çagalygy bagtyýarlykda geçen ynsanyň durmuşyň islendik pursatlarynda hem aljyraman, dogry hem mynasyp baş alyp çykyp bilýändigi subut edilen hakykat. Aslynda-ha, adam durmuşda hemişe diýen ýaly, bagtly bolmagyň açaryny gözläp gezýär. Emma ol açaryň birwagtlar geçip giden çagalygynda gizlengi ýatandygyna welin, känbir düşünmeýär. Böwrümizi diňläp, üns bilen mazaly pikirlenip görsek, hakykatdan hem bize şatlyk berýän duýgularyň ýaşalmaly däl-de, ýaşalan günlerden gözbaş alyp gaýdýandygyna düşünmek kyn däl. Ýöne ynsanyň köňli hergiz görmedik ýerlerine, eşitmedik sözlerine, ýöremedik ýollaryna höwesgär. Şeýle-de bolsa, biz entek duýup görmedik ýagdaýlarymyzyň nätanyş lezzetinden bagtly bolup bilemzok. Durmuş bu, käteler seniň çagalykda ürç edip diňlän ýa hiňlenen aýdymyň tötänleýin gulaga kaklyşyp gidýär. Ýa-da çagakaň hezil edip okan söýgüli kitabyňa gabat gelýärsiň. Çaga wagtyň halap iýen tagamlaryň, okan kitaplaryň, gören filmleriň göz öňüňde janlanan wagty, şol pursat seni bagtyýar çagalygyňa tarap «uçuryp» goýberýär. Görsene, şat geçen çagalyk seni orta ýaşdan soňam bagtyýar edip biljek ekeni.

Ene bagty

Ene bilen perzendiň arasyndaky baglanyşyk göze görünmeýän duýgy tarlary bilen dartylyp duransoň, perzendi nirä gitse, ene ýüregi hem şol tarapadyr. * * *

Çaga niýetlenen öňlük

Öňlük çaga üçin möhüm zatlaryň biridir. Ol çaganyň eşigini arassa saklamak maksady bilen, şeýle-de döşüniň öllenmezligi üçin ulanylýar. Häzirki wagtda şeýle öňlükleriň dürli matalardan hem-de silikondan taýýarlanylýan görnüşlerine gabat gelýäris. Elbetde, körpelere taýýar önümleri satyn alyp geýdirmek has aňsat, emma olar ejeleriň elleri bilen tikilse, başgaça bolýar. Geliň, şeýle naşyja öňlükleriň tikilişiniň aňsat usulyny öwreneliň. Gerekli esbaplar:

Reňkli eşikleriň reňkini nähili goramaly?

Egin-eşikleriň reňkleriniň solmazlygy üçin olary mümkin boldugyça, dogry ýuwmaly we guratmaly. Ýuwmazdan ozal, önümiň (matanyň ýa-da egin-eşikleriň) kärhana tarapyndan bellenilýän belliklerine üns bermeli. * * *

Öý bikesi öwrense...

Ýeralmaly işdäaçar Gerekli önümler: 300 g ýeralma, 3 sany ýumurtga, 50 g gaýmak, ýarym desse gök sogan we şibit, islege görä, duz, burç.

Ýyldyzlar näme diýýär? Dekabr 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Dekabr hamallara ýakymly özgerişligi wada berýär. Esasy ýatda saklamaly zat: işde täze pikirdeşleri gözläň, söýgi bilen dostlukda bolsa öňki gatnaşyklaryňyza wepaly boluň. Bu aý diplomat häsiýetiňiz sizi diňe bir düşünişmezlikden goraman, eýsem, öz maksadyňyza tiz ýetmegiňize hem kömek eder. Döredijilik ukybyňyza çäk goýmaň. Ol size işiňizde kämilleşmäge ýardam eder. Garaz, sabyrly bolup garaşmagy başarsaňyz, dekabryň size taýýarlan sowgady az däl. Girdeji babatda hem bu aý hamallaryňky şowuna. Olar ýa-ha goşmaça aýlyk ýa-da sowgat görnüşli pul baýragyna eýe bolarlar.

Döwletli maşgala

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan:— Türkmen hemişe köp çagalylygy gowy gören milletdir. Şuňa görä, köp çagaly maşgala «döwletli maşgala» diýlipdir. Arkadag şäherine «Baky bagtyýarlygyň şäheri» diýilmegi ýöne ýerden däl. Täze, owadan jaýlardan nesibesi bolanlar, edara-kärhanalarda zähmet çekýänler aňrybaş mümkinçiligiň hözirini görýärler. Iň ýokary amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň bolsa, elbetde, höziri aýry. Ir bilen öýüňden işe diýip çykanyňda, dag eteginiň arassa howasyndan dem alaýyn hem biraz gezelenç bolar diýip pyýadalaýanyňda hem işiňden gijä galar aladaň ýok. Tas işiň üstünden örýäň diýen ýaly.

Agzybir maşgala — kuwwatly Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli dünýä nusgalyk beýik işleriniň netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet hakyndaky arzuwy hasyl boldy. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar raýatlary halal zähmetiň hözirini görüp, asuda, abadan durmuşda agzybir ýaşaýarlar. Asyrlarboýy başyndan geçiren gowgalary, çylşyrymly taryhy wakalary türkmen halkynda durnukly milli häsiýetleri kemala getiripdir. Türkmen hut öz bedewini seýisleýşi ýaly, halysyny sünnäleýşi ýaly, öz nesline edep-terbiýe bermegi we şonuň netijesinde özünde asylly milli häsiýetleridir endikleri hem kämilligiň ýokary derejesine çykarmagy başarypdyr.

Lotos güli

Gerekli esbaplar: • Gaty kagyz,

«Güljagaz» tagamy

Gerekli önümler: • 400 gram hamyr,

Kitap — keramat, kitap — bereket

Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde edebi gatnaşyklarymyzy rowaçlandyrýan ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilen nusgasynyň sowgat edilmegi dostlukly edebi-medeni gatnaşyklarymyzy berkidýän pursatlaryň biridir. Perişdeleriň Arşy-agladan ýa-da al-asmandan Ýere inişi hakynda dürli-dürli rowaýatlar bar. Şolaryň birinde şeýle diýilýär: «Bagty çüwen melekleriň iň beýik arzuwy enä öwrülmekmiş. Şonuň üçin olar gyz bäbejige öwrülip, dünýä inerlermiş».

Şükürim köpdür, miweli ömrüm!

Milletimiziň iň uly ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän türkmençilik edebi barada söz açdygyňça, onuň ýollary uzap barýar. Sebäbi edep ruhy kämilligiň, ruhy gözelligiň ölçegi. Kämilligiň çägi ýok. Şonuň ýaly, gözellik hem çägi bilmeýär. Tebigat bilen ýüzbe-ýüz galanyňda, bu hakykata has içgin düşünýän ekeniň. Men tebigaty gaty gowy görýärin. Ir säher bilen oýanyp, howlymyzda gögerip oturan bagdyr gülleri suwarmagy endik edinipdirin. Dogrusy, bu baglaryň hem gülleriň ählisini biz maşgala bolup ekipdik. Çagalarymyzdyr agtyjaklarymyzyň her biri öz eken bagynyň, gülleriniň düýbüni ilkinji günden başlap ýumşadyp, suwarýarlar. Daş-töwereginde ýekeje-de hapa-haşal ot galdyrman arçaýarlar.

Gaýyn-gelin hormaty — maşgalanyň gymmaty

Halkymyzda gyzyň ýedi enesiniň biri hasap edilýän gaýynene hakynda aýdylan nakyllar, atalar sözleri diýseň kän. «Gaýyn-gelin gapakly gazan», «Gaýynatam ganarym, dolup durar dulumda, gaýynenem gazanym, getirip goýar ýanymda» ýaly nakyllar gelniň gaýynlaryna bolan mährem gatnaşygyny, hormat-sarpasyny, pikir-garaýşyny kemsiz suratlandyrýar. Gaýynene — gelniň ýanýoldaşynyň ejesi. Şunuň özi-de gaýynenäniň gelin üçin gymmatyny hem derejesini kemsiz kesgitleýär. Zenanyň özüne Alla tarapyn berlen, ýeke-täk özüne degişli bolan ykbaly kimdir biri bilen paýlaşmagy niýet edinmegi özüni, şu gününi we geljegini şol ynsana doly tabşyrmagy diýmekdir. Şeýle netijä gelmegiň aňyrsynda öz saýlan ynsany bilen maşgala gurup, iki göwre bir ýürek bolup, agzybir ýaşamak, bir-biregi söýüp-sylamak, bir-birege düşünmek, şat we gamly güni bile başdan geçirip, el-ele berip, diňe öňe hereket etmek, perzent ýetişdirip, ony ene-atasyna, il-gününe mynasyp adam edip ýetişdirmek ýaly päk hem asylly maksatlar durýar. Elbetde, bu belent maksatlary kemally amal etmek üçin ýaş çatynjalara olary gurşap alýan jemgyýetdäki ýaşy has uly, tejribesi ýetik adamlaryň hem kömek-goldawy zerur bolup durýar. Kömege ýetişmeli şol adamlaryň iň esasylarynyň biri-de, gelniň gaýynenesidir.

El kompýuterler üçin örtük

Gündelik ulanýan enjamlarymyzy uzak wagtlap aýawly saklamak öz elimizdäki zat. Ine, şolaryň käbirleri kompýuterler we uly göwrümli iş telefonlardyr (planşetler). Biz olary okuwda, işde we öýde dürli maksatlar üçin yzygiderli ulanýarys. Olaryň daşyna örtügiň tikilişiniň aňsat usulyny size hödürleýäris. Gerekli esbaplar:

Biler bolsaňyz...

Kädi çigidi. Ol beden üçin peýdaly önümleriň biridir. Onuň düzüminde PP, A we E, D, C, B topar witaminler bar. Bu onümiň düzümindäki pektin, Omega-6, Omega-3, sellýuloza, aminokislotalar, demir, marganes, fosfor, mis, sink, ýod, kobalt, hlor we kremniý ýaly maddalar gymmatly iýmit çeşmeleri bolup durýar. Kädi çigidi horlanmak isleýänler üçin gerekli önüm bolup durýar. Kädi çigidiniň saglygy goramakda we berkitmekde peýdaly taraplary sanardan köp. Önümi yzygiderli kabul etmek gan aýlanyş ulgamyny kadalaşdyrmakda, gan damarlaryny giňeltmekde, ýürek keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almakda, nerw ulgamyny kadalaşdyrmakda, bedeniň kesellerden goraýjylyk ukybyny artdyrmakda örän peýdalydyr. Süýjülikleri yzygiderli kabul etmek ynsan bedenine ýaramaz täsir edýär. Bu endikden saplanmakda hem kädi çigidi peýdalydyr. Kädi çigidi süýjülikleri iýmek islegini peseltmäge ukyplydyr. Çigidi çig görnüşinde iýmek maslahat berilýär. Ol bagryň, içegäniň işini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. * * *

Öý bikesi öwrense...

Börek Gerekli önümler: 300 — 400 g üwelen et, 1 kg kelem, 2 sany käşir, 2 sany sogan, 3 bulgur un, 1 ýumurtga, 4 nahar çemçe ösümlik ýagy, çalnan süzme, duz we burç.

Adyna eýe bolsun!

Ilimizde täze bäbek doglanda oňa: «Ýaşy uzyn bolsun!» diýlip arzuw edilýär. Taryhy çeşmelerde-de bellenilişi ýaly, ene-atanyň ilkinji borjy perzendine ilhalar gözel at dakmakdyr. Tanymal şahsyýetler hem uly ili çagyryp, olardan çaga at goýmagy sorar ekenler. «Gorkut ata» şadessanynda Derse han ogly bolanda toý tutup, Gorkut atadan perzendine at goýmagy soraýar. Şonda Gorkut ata oglanjyga ak pata berip, «Oglan hakyky adyny özi gazanar» diýýär. Hakykatdan-da, oglan ýetginjek wagty uly märekäniň öňünde öküzi ýykyp, Bugaç adyny alýar. Ýa-da «Görogly» şadessanynda Adybegiň merhum aýalynyň guburynyň başyndan oglanjygy getirenlerinden soň Jygalybeg iline sala salýar. «Garaňky dünýäden ýagty dünýä geldi, adyna Röwşen goýalyň!» diýýärler. Şonda bir ýaşuly: «Bu çaga ady bilen geldi, ady Görogly bolsun!» diýýär. Röwşeniň Görogly ady asyrlardan-asyra, nesillerden-nesle geçdi. Edil şolar ýaly-da «Zöhre—Tahyr» dessanynda Babahan patyşanyň gyzy asmanda Zöhre ýyldyzy dogan wagtyna gabat geleni üçin adyna Zöhre goýýarlar.

Ýyldyzlar näme diýýär? Noýabr 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Noýabrda hamallar daş-töwereklerindäki zatlary üýtgetmäge döwtalap bolarlar. Sabyrly boluň: dost-ýarlaryňyzyň siz bilen bu meselede pikirdeş bolmazlygy ahmal, şeýle-de bolsa ruhdan düşmäň. «Özüňe özüňden ýakyn adam ýok» diýlişi ýaly, özüňize daýanyň. Eger-de iş ornuňyzda size dynç günlerinde hem işlemegi teklip etseler, boýun towlamaň. Ýogsa, golaý gelen üstünligi yza tesdirmegiňiz mümkin. Girdeji babatda bu aý eliňize garaşylmdyk ýerden pul düşmegine garaşylýar, ýöne siz ony derrew sowmaga howlukmaň.

Maşgala mukaddesligi wagyz edildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda maşgala mukaddesligini gorap saklamak, çagalaryň bagtyýarlykda we erkanalykda ulalyp, kemala gelmeklerini gazanmak ugrunda içgin aladalanylýar. Bu ugurda uly işler amala aşyrylýar. Şundan ugur alyp, biz hem bölümimizde «Maşgala abatlygy — ýurduň abatlygy» ady bilen maslahat geçirdik. Oňa şäherimiziň ýaşaýjylary, ýaş çatynjalar, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäre mahalynda dürli mowzukdaky çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň dowamynda ýygnananlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar. Maşgala agzybirligini gorap saklamak ugrunda ählimiz göreşmelidiris. Hut şonuň üçin biz nikadan geçýän ýaşlara biri-birine sylaşykly bolup, agzybir ýaşamaklaryny ündeýäris.

Ça­ga­lar dur­mu­şyň gü­li

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Alym Arkadagymyz: «Çagalaryna söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Ata-babalarymyzyň bu ajaýyp ýörelgesi Garaşsyz Türkmenistanyň syýasatynda hem öz ornuny tapdy. Bu gün biziň Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr, ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň we islegleriniň hasyl bolýan ülkesidir diýip arkaýyn aýdyp bileris» diýip, buýsanç bilen nygtaýar. Hakykatdan-da, ata-babalarymyz nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin çaga terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Merdana pederlerimiz ýaş nesli adamkärçilige, ynsanperwerlige çagyrýan, bagtyýarlyga ruhlandyrýan, durmuş ýoluna şamçyrag ýaly nur saçýan şahyrana eserleriň ençemesini döredipdirler we nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Muňa halk döredijiliginiň ertekiler, rowaýatlar, matallar, sanawaçlar, läleler, ýaňyltmaçlar ýaly dürli goşgularyny okanymyzda hem aýratyn göz ýetirýäris. Türkmen nakyllarynda, atalar sözlerinde, ertekilerde, ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginde terbiýe aýratyn orun eýeleýär. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Öý ýaraşygy çaga, supra ýaraşygy — myhman» diýen nakyllar nesilden-nesle geçip gelipdir.