Ümmülmez dünýänem saňa deňeýän
Öňem bir akyldardan «Dünýä nirden başlanýar» diýip soranlarynda akyldar: «Dünýä eneden (enäniň gujagyndan) başlanýar» diýip jogap beripdir. Dogrudan-da, her bir çaga doglanyndan, ilki bilen, enäniň gujagyna berilýär, enesini görýär, ak süýdüni emip, mährem hüwdüsine maýyl bolup, ýatýar. Enesiniň söýgüsinden kemal tapyp ösýär, ulalýar. Ene söýgüsinden kemal tapan çagalar bu ajaýyp dünýä bilen kem-kemden tanşyp, ile goşulyp gidýär. Ýaşaýşyň gönezligi bolan eneler mydama çagalarynyň ilhalar, zähmetsöýer, gowy adamlar bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Eneler hemişe, hemme wagt, çagalaryna öwüt-nesihat berýär, olara älem gowulyklaryny arzuw edýär. Eneleriň öwüt-nesihatlary, päk arzuwlary, doga-dilegleri bizi durmuşyň päk ýoluna atarýar. Durmuş ýolumyzda ýagty şamçyrag bolup durýar. Halk arasynda «Enäniň basan basgançagynda balasy awunmaz», «Enäniň öpen maňlaýyna dert gelmez», «Enäniň öpen maňlaýy, balasyna bagt islär durarmyş» diýen aýtgylar ýörgünlidir. Ynsan üçin ene hüwdüsi, ene söýgüsi iň beýik mukaddeslik hasap edilýär. Enäniň ýüzünde dünýäniň nury, sözünde dünýäniň düri, bakyşynda dünýäniň mähir-muhabbeti, ýüreginde bolsa dünýä ýaly giň we müdimi söýgi bar. Şahyr ony şygrynda: