"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hala örklenen ykbal

Aknabat orta mekdebi tamamlandan soňra haýsy käri saýlasamkam diýip köp oýlanyp oturmady. Ol ejesine halyçy bolmak isleýändigini ýaňzydanda, Ogulkeýik daýza: «Gyzym, ondan gowy kär bolarmy, halyçynyň hünärini ele alsaň-a, bagtyň özi seni tapar» diýip, gyzynyň pikirini ikelläp goldady. Mähriban ejesiniň ak pata bermegi bilen, Aknabat 1994-nji ýylda Halajyň çeper halyçylyk kärhanasyna işe geldi. Ony halypa halyçy Saparaý Hudaýberdiýewa şägirt edip berkidýärler. Haly dokamagyň ilkinji kynçylyklaryny özüniň erjelligi bilen ýeňip geçen Aknabat, halypasynyň tama edişi ýaly, barha ussatlaşdy. Soňabaka ol halyny özbaşdak dokap başlaýar. Iň kyn halylar bu ýerde dokalýan mozaika halylarydy. Aknabat öz ukybyny synap görmek üçin, ilki bilen, tebigatyň keşbi çitilýän halyny özbaşdak dokamaga aldy. Kärhananyň ýolbaşçylary şonda bu halyça nähili kyn haly bolsa-da, ynanyp boljakdygyna göz ýetirdiler. Aknabat özüne bildirilen ynamy kemsiz ödemegi başardy. Şondan soň ol mozaika şekilli halylary-da dokap başlady. Tebigatdaky gözellikleri, gum depeleriniň arasy bilen barýan kerweni, guba-gazly köli ýada salýan halylary dokady. Şeýle şekiller diýseň täsin we özüne çekiji. Olara nazary düşen adam ondan uzak wagtlap gözüni aýryp bilenok.

Eneleriň alkyşy egsilmesin!

«Iňňä, iňňä...». Maşgalada ýene bir perzent dünýä indi. Ene mähirli ýylgyryp, çowlugyny eline aldy. Bu balajygyň neslini dowam etjek täze durmuşyň eýesidigini ýatlap, baý, guwanmak guwandy. Jennetiň ysy bark urýan balany ýokary galdyryp, onuň «jennet ysyny» içine çekdi. Ol enelik duýgusyny jany-teni bilen ýene bir gezek duýdy. Durmuşy manyly ýaşamak hemmeleriň arzuwy. Her bir ene ynsan balalaryny ösdürip, kemala getirip, gözli-başly edenden soňra, olaryň lezzetini görüp, bagtyýar ýaşamak isleýär. Emma perzentlerinden soňra agtyk-çowluklaryny görüp, olara hem guwanmak adam üçin elýetmez bagt bolsa gerek! Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynyň ýaşaýjysy, 90 ýaşly Sapargül Berdiýewa hem şeýle bagtly eneleriň biri.

Perwanalardan ylhamly dizaýner

Aýakgaplar öndürilip başlaly bäri, adamlaryň durmuşynda esasy orny eýeläp gelýär. Aýakgap dizaýnerleriniň biri: «Eşigiň her näçe sada bolsa bolsun, bir jübüt köwüş onuň gözelliginiň üstüni ýetirer» diýse, ýene biri: «Aýakgap hem eşikdir, çünki ol biziň aýagymyzy bezeýär» diýip belleýär. Hakykatdan hem, bu gün aýakgaplar, edil egin-eşikler ýaly, adamlaryň biri-birinden tapawutly dünýäsinden söz açýar. Bir žurnalist zenan: «Şazada duşmak üçin onuň ak atly gelerine garaşma-da, aýagyňa bolar ýaly bir jübüt owadan köwüş saýla» diýeninde mamla. Zoluşkanyň hrustal köwşi bilen şazada duşuşy hemmeleriň ýadyndadyr. Asly rumyniýaly köwüş dizaýneri Amina Muaddi bolsa «Zoluşkanyň köwşi» atly aýna ýaly dury deriden edilen zenan aýakgaplary bilen her bir ýaş gyzyň hrustal köwüşli bolmagyny üpjün etdi. Aýakgap dizaýnerleriniň, kärhanalaryň sanynyň artmagy aýakgaplaryň görnüşleriniň, brendleriniň köpelmegine getirdi. Bu gün hrustal ýaly dürli gaşlar, bezegler bilen bezelen köwüşler näçe diýseň bar. Dünýäde, esasan, zenan aýakgaplarynyň görnüşleri agdyklyk edýär. Soňky wagtda zenanlaryň aglabasy gaşly aýakgaplara köp isleg bildirýär. Ýöne bu gezekki tanyşdyrmakçy bolýan aýakgap dizaýnerimiziň döredýän köwüşlerini görseňiz, şolardan bir görnüşiniň aýakgap tekjäňizde bolmagyny islärdiňiz.

Ýylyň iň gowy önümleri

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde hususyýetçilige uly üns berilýär. Şonuň üçin hem önümçiligiň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça döwrebap kärhanalaryň, täze markalaryň, brendleriň, modalar öýleriniň sany köpeldi. Olar her ýylda öz öndürýän önümleriniň hili, görnüşi, önümçilik mukdary, hatda ýylyň-ýylyna girýän girdejisiniň mukdary, harytlarynyň iň köp satylan sany, umuman, şular ýaly dürli ugurlar boýunça öz aralarynda bäsleşýärler. Öndürijileriň arasyndaky bäsleşikler bolsa dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine uly täsir edýär. Biz okyjylarymyzy şu ýylyň iň gowy brend harytlary hökmünde öňe çykan nysakçylyk öýleriniň onluk sanawy bilen tanyş etmek isleýäris. Dior. 1946-njy ýylda meşhur dizaýner Kristian Dioryň esaslandyran bu fransuz kompaniýasy eýýäm dört ýyl bäri öňdeligi eýeläp gelýär. Dünýäniň ençeme ýurtlary bilen söwda aragatnaşygyny saklaýan bu kompaniýa soňky ýyllarda internet söwdasyny we elektron töleg ulgamyny has-da ösdürdi.

Matadan tikilen torba

El goşlaryňy salmak üçin içliksiz, jübüsiz matadan tikilen torba hem oňaýly hem-de ekologik taýdan arassadyr. Ol ýeňiljek we göwrümli. Torbany galyň hem-de ýuka matadan tikip bolar. Bu torbany her bir zenan özbaşdak taýýarlap biler.

Gaýçy üçin daşlyk

Owadan bezegli, içlikli, bezeg jäheginden ildirgiç edilip, ilige dakylan ýönekeý daşlyklar gaýçyny saklamak üçin amatly hem-de özüne çekijidir. Daşlyklary bir reňkli matadan, ýüzüne nagyş edip taýýarlasaň hem bolýar.

Ýumurtga barada

Ýylyň ähli paslynda ulularyň we çagalaryň lezzet alyp iýýän iýmitleriniň biri bolan ýumurtgany zaýalaman saklamagyň syrlaryny bilmek gyzykly bolsa gerek. Bilermenleriň aýtmagyna görä, ýumurtgany sowadyjyda görkezilen möhletinden, ýagny 3 — 5 hepdeden artyk saklamak we iýmek bolmaýar. Şeýle hem ýumurtgany et we süýt önümlerinden uzakda saklamaly. Eger-de ýumurtgany gaýnadyp, sowadyjyda goýan bolsaňyz, ony 1 hepdeden artyk saklamaň. Ýogsa-da, ýumurtganyň ýaramlydygyny ýa-da zaýanlanandygyny nädip anyklamaly? Bu barada ene-mamalarymyzdan eşiden gürrüňlerimizi size ýetirmegi makul bildik. * * *

Öý bikesi öwrense...

Dürüşdeli ýeralma Gerekli önümler: Ulurak ýeralmalaryň 2-si, 150 g peýnir, 50 g towugyň döş eti, 30 g mesge ýagy, ýaş sogan, 2 nahar çemçe süýt, 1 çaý çemçe duz.

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Sentýabr 2023

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04 Sentýabr aýy ýyldyzlar hamallara zähmetde erjel bolmaklygy we hemme zat babatda sabyr etmekligi maslahat berýär. Bu aý olaryň durmuşynda ilkinji ýerde iş orunlary bolup, jogapkärçilikleri artar. Iş bilen başagaý hamallar özlerine juda agram salmaly däldirler. Işdeş ýoldaşlaryňyzyň ýardamyndan ýüz öwürmäň. Bu siziň işiňizde ýeňillik döredip, ýoldaşlaryňyz bilen gatnaşygyňyzy has-da berkider. Jan aýaman zähmet çeken hamallar aýyň ahyryna ýetmezden, işiň oňyn netijesini görüp başlarlar. Bu döwür olar üçin özgerişlikleriň döwri bolar. Bu aý maddy ýagdaýyňyz biraz durnuksyz bolup biler. Şonuň üçin hem hemişe tygşytly bolmakdan zyýan gelmez.

Galkynyşly döwürde bagtyýar ýaşaýyş gül açýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş maşgalalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin edilýän aladalar hemmeleriň göwnüni göterýär. Sakasynda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz durýan tutumlar bu gün täze dörän maşgalalary Gün kibi çoýýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda toýlarymyz toýa ulaşyp, döwletli Diýarymyzda her gün täze maşgalalaryň onlarçasynyň binýady tutulýar. Şanly ýylda diňe biziň edaramyz tarapyndan täze baglaşylan nikalaryň 1500-den gowragy resmileşdirildi. Bu bolsa diňe bir Halaç etrabynda şu ýylyň özünde şonça täze maşgalanyň emele gelendigini görkezýär. Guwandyryjy ýagdaýlaryň ýene biri şu ýylyň geçen döwründe etrabymyz boýunça ýarym müňden gowrak çaganyň dünýä inmegidir.

Ula hormat, kiçä sarpa

Türkmen halkymyzyň özboluşly milli terbiýe mekdebi bar. Sözbaşy edip saýlan jümlämiz hem terbiýe ýörelgämiziň esasy özenini düzýän taglymatlaryň biridir. Halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň dowamlylygy, millilige bolan söýgi-hormat hem hut şu nukdaýnazardan gözbaşly bolsa gerek. Çünki türkmençilikde ulyny sylamak, olaryň öwüt-pentleri bilen terbiýelenmek jemgyýetimizde esasy orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen, milli mekdebimiziň dürdänelerini jemleýän «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Ula — hormat, kiçä — hezzet», «Ula salam ber, kiçä — kelam», «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg», «Uly başlar, kiçi işlär» ýaly ajaýyp nakyllar bar. Şulardan hem görşümiz ýaly, kiçini söýüp terbiýelemek, ula hormat goýmak ata-babalarymyzdan gelýän gadymy ýol-ýörelgedir. Ulyny sylamak biziň her birimiziň ýörelgämize öwrülip, ene süýdi bilen aňymyza ornan mukaddeslikdir. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýygy-ýygydan halk döredijiligine ýüzlenmegi, paýhasly pederlerimiziň döreden dana pähimlerine uly sarpa goýmagy ýöne ýerden däl. Halkyň döredip, uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, ajaýyp döwrümize ýetiren ruhy mirasy bu günki günde terbiýe meselesinde iňňän uly ähmiýete eýedir. Türkmeni beýlekilerden tapawutlandyrýan gymmatlyk milli terbiýe mekdebiniň gadymyýetden bäri haýsy şertlerde hem bolsa üýtgemän bir durkunda saklanýanlygydyr. Oguz han döwründe ýaşulular

Bal süýji, baldan-da bala

Halkymyzyň çagalar baradaky aladasy ähli döwürlerde hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp ösdürilýär. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň irki ösüşi, olary mekdebe taýýarlamak boýunça wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Mekdebe çenli bilim milli bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolup, döwrüň talaplaryna laýyklykda, çagalary başlangyç bilimiň maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şonda mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralarynyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün etmek möhümdir. Terbiýe maşgalada berk başlansa, jemgyýet bu terbiýäni berkidýär. Ýagny, körpe çagalar bagyndan başlap töwerekdäki ýagdaýlardan täsirlenip ugraýar. Hereketlerini üýtgedýär, gepleýşini kämilleşdirýär, söz baýlygyny artdyrýar. Bu ugurda çagalar baglarynyň paýy uludyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary bar. Olarda körpeler bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin innowasion tehnologiýalar, ýagny okatmagyň täze, döwrebap serişdeleri peýdalanylýar. Gysga döwrüň içinde bilim ulgamyna multimedia tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilim be

Maşgalam — baş galam

Darganata etrap häkimliginde hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Maşgalam — baş galam» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda edilen çykyşlarda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde maşgalanyň paýynyň uludygyna aýratyn uly üns berildi. Hukuk goraýjylar döwletimizde maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmeklige gönükdirilen hukuk resminamalarynyň has kämilleşdirilendigi hakynda giňişleýin düşündiriş berdiler. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararynyň esasynda, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda öňe sürlen tekliplerden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, şeýle hem şol gurultaýda tassyklanylan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» rejelenen görnüşdäki Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararynyň birinji bölegine laýyklykda resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda, ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak bellenildi. Çäräniň dowamynda durmuş-ykdysady, ýaşaý

Maşgala — jemgyýetiň sütüni

Her bir halkyň özüne mahsus terbiýeçilik ýörelgesi bolýar. Terbiýe adamyň ýaşaýyş-durmuş, medeni-ynsanperwer we aň-paýhas derejesinden gelip çykyp, onuň ahlak keşbini açyp görkezýär. Halkymyz olary «türkmençilik ýörelgeleri» diýip atlandyrýar. Her bir hereket şol ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýar, oňa gabat gelmeýän her bir ýagdaý bolsa il-gün tarapyndan ýazgarylýar. «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýýän halkymyz perzendiň ruhy kämilligine, ýagny terbiýesine aýratyn ähmiýet beripdir. Nesil terbiýesiniň gözbaşy bolsa maşgaladan başlanýar. Maşgala — jemgyýetiň iň ilkinji we esasy sütüni. Maşgalada onuň her bir agzasynyň durmuş ýoly başlanýar. Şonuň üçin hem maşgalada berilýän terbiýe ynsanyň ykbalyny kesgitleýär. Şeýledigi üçin ata-eneler çagalarynyň her bir hereketine, edim-gylymyna jogapkärli çemeleşmelidir. Nesil terbiýesinde her bir ýagşy hereket öz wagtynda höweslendirilip, ýaramaz endikleriň öňi alynsa, kämil ynsan, il-güne haýyrly şahsyýet kemala gelýär.

Çaga durmuşynda oýnawaçlaryň ähmiýeti

Çagalyk ýyllary iň bir gyzykly, ýatdan çykmajak pursatlara baý bolan täsin hem owadan döwürdir. Bu pursatlar çaganyň durmuşda hemme zady ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolan, gowşak we goraga mätäç bolsa-da güýçli adamlardan hökümi zor bolan döwrüdir. Çaga köp zat bilen gyzyklanýar, ähli zady bilesi gelýär, şeýdip, ol ýuwaş-ýuwaşdan öwrenýär. Ýekelikde, deň-duşlary we hossarlary bilen oýnaýar. Çagalaryň durmuşynda oýnawaçlaryň uly ähmiýeti bardyr. Çaga oýunlary oýnawaçlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oýnawaçlar çagalaryň psihologik ösüşine täsir edýär. Olar häzirki zaman jemgyýetçilik gatnaşyklar ulgamynda durmuşa taýýarlaýjy serişde bolup hyzmat edýär. Çaga oýnawaja güýmenip, wagtynyň nädip geçendigini hem duýman galýar.

Balykgulaklardan balyjaklar

Mähriban çagalar, tomus paslynyň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde oňat dynç alýansyňyz! Jana şypaly howasy, özboluşly gözelligi bilen çagalaryň hem ulularyň dynç almaga barýan mesgeni bolan Awazada wagtyňy hoş geçirmegiň ýene bir hezilligi bar. Ol hem deňiz tolkunlarynyň kenarýakasyna getirýän balykgulaklaryny ýygnamak. Ululy-kiçili, şekilleri biri beýlekisinden parh edýän balykgulaklary saýlap, gowy gören balykgulaklaryny ýygnamagy özüne güýmenje edinen çagajyklara kän duş geldik. Ol çagalar bu balykgulaklardan deňiz jandarlarynyň şekiljiklerini, deňziň tolkunlaryny görkezýän surat eserlerini döredip bolýandygyny aýdyp berdiler. Biz hem size balykgulaklardan balyk şekiljiklerini ýasamagy öwretmekçi. Gerekli esbaplar:

Dorogly tagam

Gerekli önümler: • 380 gram un,

Ynsany edep bezeýär

Aslynda adam oglunda edep diýilýän närse iki hili bolmaly, ýagny göze görnüp duran edep we göze görünmeýän edep. Birinji, göze görünýän edep ynsanyň daşky hereketlerinde ýüze çykýar. Ikinji, göze görünmeýän edep ynsanyň içki ahlagyna degişlidir. «Onda «ahlak» sözi nähili manyny aňladýar?» diýen kanuny sowal ýüze çykýar.

Dünýäniň görki

Eneler dünýäniň görküdir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, enä tagzym etmek mukaddeslige tagzym etmekdir. Ýaş nesillere şu günki ajaýyp durmuşymyzyň gadyryny bilmegi ündäp, öý-ojaklaryň törüni bezäp oturan uzak ýaşly mährem enelerimiz bolsa görüm-görelde mekdebidir. Olar bilen didarlaşmak, käýarym salama baryp, gyzykly gürrüňlerini, öwüt-nesihatlaryny diňlemek hem bagt. Biz hem şeýle bagtdan nesibeli günümiz Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Bugdaýly geňeşliginiň Bereketli obasynda ýaşaýan, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken, 98 ýaşy arka atan Nurjan Dädebaýewalara bardyk. Hasasyny söýget edip gelen Nurjan ene bizi görüp saklandy:

Baş gelin — başymyň täji

Türkmeniň bägül ýaly gyzlary, gül görkli gelinleri hemişe dillerde dessan bolup gelipdir. Olara edep-ekramlylyk, asyllylyk, sabyrlylyk, çeperellilik, utanç-haýalylyk mahsus. Ene-mamalarymyz maşgalada gyz çaga aýratyn terbiýe berip, olara ýaşlykdan gündelik durmuşda gerek boljak hünärleri: öýi arassa saklamagy, tagam taýýarlamagy, ony saçaga äbermegiň düzgünlerini, haly-palas dokamagy, keşde çekmegi, keçe güllemegi... ýaş aýratynlyklaryna görä öwredipdirler. Öz öýlerinde ejesinden we özünden uly uýalaryndan asylly terbiýe alan gyz şol edep-ekramlylygy gelin bolup baran öýünde-de dowam etdiripdir.  Öňki makalalarymda belläp geçişim ýaly, körpe gelniň maşgalanyň iň kiçi oglunyň, ýagny körpesiniň öýünde ýaşamagy halkymyzda ýörgünli däp hökmünde dowam etdirilýär. Körpe ogul bilen körpe gelin ene-atasyny goýup, başga bir ýere göçüp gitselerem halanylmaýar. Ol, näçe heňňamlar aýlansa-da, şeýleligine-de galypdyr.