"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mährinden mähir tapanym

Halkymyzyň ýaşuly nesillerimiz hakynda: «Garry—öýüň gaznasy», «Gojam bar—goragym bar», «Geňeşseň goja bilen geňeş» ýaly birnäçe aýtgylary döretmeginiň aňyrsynda durmuş tejribesi bar. Hojalykda köpi gören goja nesilleriň bolmagy maşgalanyň goragydyr. Olaryň ajyny-süýjini gören gözleri ähli zady bilip, her bir meseläni adalat terezisi mysaly ölçäp durandyr. Olar öýde maşgala agzalarynyň hüý-häsiýetine, başarnygyna beletdir. Ýaşuly nesillerimiziň ýaşlara nä derejede gerekdigine düşünmek üçin bir öýüň gapysyndan gelin bolup ätlemek ýeterlikdir. Gelin bolup bir gapydan baran günüň durmuşyň ähli synaglary başlanýar. Her hojalygyň öz tertip-düzgünleriniň bolýandygy üçin şol düzgüne girýänçäň kimdir biriniň ýardamy juda zerur. Ýaş gelniň syn-deramaty ýeterlik. Goňşy-golamlar, öýe gelin görmäge gelýän myhmanlardyr garyndaşlar, ululy-kiçili maşgala agzalaryň ählisi gelin synlaýandyr. Şol pursatda gaýyneneň goragyň bolar eken. Ol öz ýanyndan seni çekinseň-de, utansaň-da, aljyrasaň-da aňlar durar. Häli-häzirler hem yza nazar aýlasam gaýyneneme minnetdarlygym çäksizdir. Onuň:

Asylly ýörelge

Asyrlarboýy «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähime eýeren türkmen halky nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdir. Dana pederlerimiz perzentlerini çagalykdan watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp, olaryň gaýduwsyz, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanypdyrlar. Bu babatda, ýagny zähmet terbiýesinden söz açyp, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem şeýle belleýär: Ulalanda iş hoş ýakmaz,Ýaşlykdan köýmän ýigide.

Maşgalam – baş galam

Berkarar dӧwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda dӧwletimiz barha uly ӧsüşlere we ӧzgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, il-halk bähbitli amala aşyrylýan asylly işler her bir raýatyň watançylyk duýgusyny, ene topragyna bolan päk sӧýgini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ajaýyp şygarynda adam hakdaky, aýratyn hem milletimiziň genofonduny gorap saklamak baradaky aladanyň bimӧçberdigini bu günki gün biziň ählimiz duýup ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler dӧredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe döwletimizde eneligiň, çagalygyň, tutuş milletimiziň bähbidini, asudalygyny, saglygyny goramak aladalarynyň üpjün edilmegi öz ýerini tapdy. Dünýä boýunça başga hiç bir ýurtda şeýle aladalaryň ýokdugyna hemmäniň gözi ýetdi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş şygary hakykat ýüzünde maşgalanyň hukugyny kepillendirýän eşret çeşmesidir. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Nikadan, gary

Terbiýäniň ilkinji mekdebi

Ene gujagynyň çaganyň ilkinji watany bolşy ýaly, megerem, çaga oýunjaklarydyr gurjaklar çagalaryň hem ilkinji terbiýeçilik mekdebidir. Çagalar durmuşyň gülleri hasaplanýar. Perzendiň dünýä inmegi maşgala üçin bimöçber şatlykdyr, bagtdyr. Olar şol günden başlap mähir, üns we alada bilen gurşalýar. Türkmenlerde çaga terbiýesine aýratyn üns berilýär. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýlen parasatly söz öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Her bir ene-ata öz çagalarynyň jemgyýetimize peýdaly, sagdyn, bilimli, watansöýüji, ruhubelent, rehimdar, töwereginde duran adamlara raýdaş, ilhalar adam bolup ýetişmegini isleýär. Şonuň üçin hem uly alada edilýär. Ene-atalar öz çagalarynyň berk bedenli, çeýe, ýyndam, pikirleniş ukybynyň ýokary bolmagynyň, çeperçilik başarnygyny we beýleki endikleri ösdürmek maksady bilen, dürli milli oýunlary döredipdirler. Şeýle-de geçmişde dürli ölçegdäki, dürli şekildäki gurjaklary ejeleri öz gyzjagazlary bilen bilelikde ýasapdyrlar. Olara bilelikde dürli eşikleri tikip geýdirip, dürli başgaplary ýasapdyrlar. Gurjaklaram edil beýleki dürli-dürli çaga oýunjaklary ýaly körpejeleriň asman ýaly tämiz hem ter, biserhet türkmen sährasy deýin päkize kalbynda mähribanlyk tutuş barlyga guwanç duýgularyny oýarýar.  Şolar ýaly gurjaklaryň ençemesi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda goralyp saklanýar. Bu gurjaklar mu

Çaga terbiýesinde maşgalanyň orny

Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine ýetirmekde, onuň kämil bolmagynda ata-enäniň orny uludyr. Olar çaga terbiýesinde milli oýunlary, sanawaçlary, matallary ulanyp durmalydyrlar. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr. Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem öňünde uly borç durýar. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşi, terbiýesi üçin jogapkärçilik çekýär, döwletimiz bolsa maşgalanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi, çaganyň ýaşamagy, goraglylygy we kadaly ösmegi üçin ähli şertleri döredip, olara uly ýardam berýär. Çaga terbiýesi köp ýagdaýlary öz içine alýar. Ösüp barýan çagany wagtly-wagtynda naharlamak, uky wagtyny saýhallamak, eşiklerini arassa saklamak, dogry gundamak, arassa howa, tebigata gezelenje çykarmak, dürli kesellerden goramak enäniň esasy borjy bolup durýar. Şeýle talaplary dogry berjaý etmek çaganyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda hem wajypdyr. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýilýär. Ýaş nesliň geljekde edep-ekramly, ynsanperwer, zähmetsöýer, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ata Watanymyzyň ýagty geljegi bilen berk bag

Bir pursatyň ýatlamasy

Şol gün mart aýynyň üçüdi. Atam öýümizden iki kilometr uzaklykdaky gara ýoluň ugruna çykanymam şoldy welin, birden şabyrdap ýagyş ýagyp başlady. Bolsa-da, üst-başym ezilmänkä ýeňil ulag deňimde saklandy. Sürüji ulagynyň aýnasyndan boýnuny uzadyp: — Nirä, gelneje? — diýip sorady.

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Pähimdar pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzyň biri hem terbiýe mekdebidir. Bu gymmatlyk ata-babalarymyzyň nesillere, ýaşlara aýratyn üns berendigini, olaryň kämil şahsyýetler bolmagy üçin aladalanandygyny aýdyň beýan edýär. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelgäni dowam etmek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek mukaddes borjumyzdyr. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, baý edebi gymmatlyklary, halk döredijiligi bar. Halk döredijilik eserleri durmuşyň baý tejribesinden mysal getirilip, çeper söz bilen paýhasyň beýan edilmegidir. Şeýle paýhasy özüne siňdiren nakyllar hem, atalar sözi hem her bir ynsan üçin ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Rowaýatlar hem halk döredijiliginiň bir görnüşi bolup, çeper sözde beýan edilýär. Umuman, halk döredijilik eserleriniň her biri ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, geçýän okuw sapaklarymyzda, esasan hem, edebiýat dersinde halk döredijilik eserlerine, nakyllara aýratyn üns berýäris. Okuwçylara her bir nakylyň manysyny, durmuşda gelýän aňlatmasyny düşündirýäris. Munuň özi terbiýeçilik ähmiýetli bolmak bilen bir hatarda okuwçylaryň söz baýlyklarynyň artmagyna, sözleýiş medeniýetine düşünmeklerine oňat täsir edýär. Aslynda hem okuwçylaryň dil baýlyklarynyň ösdürilmegi medeni sözleýişleriniň binýadydyr. Şonuň üçin hem diňe bir türkmen dili sapaklarynda däl, eýsem, edebiýat sapagynda hem eserleri okatmak, nakyllary aýtdyr

Syrgynyň Orazgül enesi

Diwanyň üstünde oturan ene gyňajynyň ujuny gasyn basan gözlerine ýetirende, aglaýandyr öýdüp, ýüregim gobsunyp gitdi. Ýanaşyk oturyşyma, oňa golaý-golaý süýşenimi duýman galdym. Onýança gyzy Maýa gelneje: — Ejem jan garraýamy, nämemi, öý-içerimiz adamdan dolup, şatlyk-şowhun artyberse, begenjinden gözlerini ýaşlaberýär — diýip, degişme bilen gürledi. Soňra ejesiniň ýüzüne bakyp:

«Agaýunus periniň» gözellikleri

Ýaş gelin bilen ýetginjek gyzyň ikisiniň hem elinde birmeňzeş ýantorbasy bardy. Olaryň içinde zenan köýneginiň bardygy bildirip durdy. Ýantorbalaryň ýüzündäki «Agaýunus peri» atelýesi. Köneürgenç şäheri» diýen ýazgy ünsümizi çekdi. Muny duýan gelin düşündirmäge durdy:  — Tikinçilik öýünden gelýäs. Jigimiň toýy bar. Uýalar bolup, hemmämiz birmeňzeş toý köýnegini geýeli diýip, bir hepde mundan öň sargyt etdik. Şular ýaly ýörite gaba salyp berýän ekenler — diýip, gelin sözüniň üstüni ýetirdi:

Ýassykdaşy tikmegiň usuly

Ýassykdaşy tikmek üçin gerekli zatlar: - mata;

Bilerin diýseňiz...

Eger eşikleriňiz geýim asgyjyndan typyp, zol-zol gaçyp durýan bolsa, geýim asgyjyna ýumşak we tüýjümek hilli ýüplügi sarap goýsaňyz, asla gaçmaz. * * *

Öý bikesi öwrense...

Käşirli işdäaçar Gerekli önümler: 200 g käşir, 200 g hyýar, 50 g gaýmak, gök otlar, ýaş sogan, islege görä duz, burç.

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Dekabr 2023

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04 Bu döwürde hamallar erkini elden bermän, özlerini rahat alyp barsalar, üstünlige barýan ýol has-da ýakynlaşar hem-de hamallaryň durmuşynda şowly günler köp bolar. Ulumsylyk, men-menlik ýaly häsiýetler hamallara ýaraşmaz. Bir maksat tutunyp, diňe şony amala aşyrmak üçin sabyrly hereket etmegiňiz gerek. Dynç günleriňizde-de tapyljak ownuk işlerden boýun towlamaň. Olar size girdejiňizi artdyrmaga itergi berer. Ýöne ony birden harçlamakdan saklanyň. Olar size geljek aýda has möhüm zatlary edinmegiňiz üçin gerek bolar. Bu aýda esasy ýaltalyga ýol bermeseňiz, egniňize gonjak «bagt guşuňyz» uçup gitmez. Ýakynlaryňyz, daş-töweregiňiz, işdeşleriňiz bilen mylakatly boluň! Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, eliňizden gelen kömegi gaýgyrmaň!

Maşgalam — baş galam

Halkymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ileri tutupdyr. Maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, aýamak, ony mertebelemek öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Şonuň üçin hem «Maşgalam — baş galam» diýen paýhasly jümle il arasynda ýörgünlidir. Beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý nesli kemala getirmäge ömrüni bagyş edýän eneler aýratyn hormata mynasypdyr. Gadymdan bäri türkmen zenanlary, eneleri maşgala ojagynyň mukaddesligini saklamagyň, çagalary terbiýelemegiň nusgalyk ýörelgelerini döredip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň-döwletliligiň eýesidir» diýip belleýär. Ojagyň mukaddesligi, ata-enä we maşgaladaky uly ýaşlylara bolan hormat, sadalyk, zähmetsöýerlik ýaly halkymyz üçin adaty bolan ahlak häsiýetleri öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Halkymyzyň arasynda bar bolan däbe görä, kimdir birini tanajak bolsalar, ilki bilen, onuň maşgalasy soralýar. Maşgalanyň agzybirligine, abadançylygyna, şol maşgalanyň il arasyndaky abraýyna aýratyn üns berilýär. Çünki sagdyn we berk maşgala her bir türkmeniň gymmatly hazynasydyr.

Aýal dogan

Tebigat hökmürowan bolýar. Onuň öz kadasy, öz kanuny bar. Wagtyň geçmegi bilen bir ojakda bileje oýnap, ulalan doganlaryň hersi özbaşyna maşgala bolup gidýär. Emma gözüňe görünmeýän, dil bilen düşündirip bolmaýan, diňe gudratdyr keramata deňäýmeseň suratyny hem çekdirmeýän bir baglanyşyk — täsin güýç welin, mydama ýüregiňi ataň öýüňe baglap goýýar. Ol ojakda eje mähri, kaka yhlasy, ene öwüdi, ata sargydy, doganlaryň bilen geçen gyzykly günleriň kalbyňy özüne dartyp durýar. Ýuwaş-ýuwaşdan ataň ojagyndan alan terbiýäň, mähriň, göreldäň bilen durmuşyň ähli synaglaryna döz gelip başlaýarsyň, esasan hem durmuşa çykan gyzlaryň tiz ene bolmagy bilen süýji ukular öz ornuny irginsiz zähmetdir yhlas bilen çalşanda, kirpik gatman, hüwdi aýdyp, sallançagyň başynda geçirilýän gijeler olara birbada ýiti täsirini ýetirýär. Şeýle pursatlarda özüňden uly aýal doganyň bolmagy uly bagtdyr. Çünki ulular bizden öň durmuşyň eleginden süzülendirler. Olaryň paýhasy goýazy güýze meňzeýändir. Saldamly pikirler, sabyrly garaýyşlar aýal doganlaryň ilkinji ygtybarly ýoludyr.

Maksadymyz — sagdyn geljek

Welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýadan ugur alyp, sagdyn maşgala gatnaşyklaryny ündemeklige, eneligi we çagalygy goramaklyga gönükdirilen wagyz-ündew çäreleri geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň guramagynda geçirilen bu çärelere ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler, bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Sözle, sözüň şirin bolsun!

Geplemek, gepleşmek, sözlerden sözlem düzmek ynsana berlen, ýerini çalşyp bolmaýan ukypdyr. Ol ukyby çagalarda körpeliginden ösdürmek we kämilleşdirmek biz ― ulularyň möhüm borjudyr. Hut şu ukybyň üsti bilen çagalaryň gözýetimi giňelýär, dünýä akyl ýetirýär, jemgyýetde özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bu meselede ene-atalaryň, şonuň ýaly-da körpeleriň edep-terbiýesi bilen meşgullanýan bilim işgärleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Çaga ýaşlygynda eşidenlerini berk ýadynda saklaýar. Şonda ulularyň aýdanlary edil daşa ýazylan ýaly bolýar. Mysal üçin, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azady onuň ilkinji halypasy bolupdyr. Görnükli türkmen ýazyjysy Ata Gowşudow bolsa çagalygynda ertekiçi enesinden örän köp zatlary öwrenipdir. Bu mysallara ýüzlenmek bilen, ulularyň öz çagalarynyň sözleýişlerini ösdürmekde halk döredijilik eserlerinden peýdalanmaklarynyň has oňat netije berýändigini nygtamakçy bolýarys.

«Köňül bir beden şahydyr...»

...Gazet-žurnallarda ýa-da radio-teleýaýlymlarda uzak ýaşly ildeşlerimiz baradaky söhbetleri okanyňda, diňläniňde dünýäňi giňeldýän, göwnüňi göterip, ýaşaýşa höwesiňi artdyrýan bir ýakymly duýgyny başdan geçirýärsiň. Nesip etse, ynsan ömri, gör, nähili uzak hem bolup biljek ekeni! Redaksiýanyň tabşyrygy boýunça 2021-nji ýylda Mary etrabynyň Babasary obasyndan 121 ýaşly Ajapsoltan eje bilen duşuşan pursatlarymyň täsiri henizem hakydamdan çykanok. Şol pursatda aňymda deňeşdiripdim: pensiýa ýaňyrak çykan adamlar, seredip otursaň, şu mährem enäniň ýaňy ýarpy ýaşyny ýaşapdyrlar ahyryn! Bu gün, nesip edenden, Alla sylap uzak ýaş beren, yrylmaz rysgal-döwletiň eýesi, il sylagly ýaşuly, Mary welaýaty boýunça heniz ýaşap ýören uruş weteranlarynyň iň soňkularynyň biri Aýdogdy Amadyýew bilen duşuşmaga barýaryn. Pikir edýän, tolgunýan, duşuşjak ýaşulym ýöne adam bolmaly däl. 105 ýaşynda yra-dara aýak üstünde girip-çykyp ýören, neberesi küren oba bolan, 24 sany ýuwlugyň garry atalary-babalary bolup oturan Aýdogdy aganyň Hakyň keramatly nazary düşen saýlantgy ynsandygyna ynanasyň gelip dur.

Bagtyýar çagalar — röwşen geljegimiz

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde tutumly işler, beýik özgertmeler amala aşyrylyp, çagalaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Maşgalanyň döwlet tarapyndan goralmagy durmuş goldawy bilen birlikde, hukuk goragyny hem öz içine alýar. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy, döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenendir. Konstitusiýamyzyň 54-nji maddasyna laýyklykda, ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler kepillendirilýär. 20-nji noýabr — Bütindünýä çagalar güni we Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň şanly senesi. Bu sene 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edildi we munuň hem öz sebäbi bar. 20-nji noýabr çagalaryň hukuklarynyň ösüşinde möhüm tapgyrdyr, çünki 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Çaganyň hukuklary Jarnamasyny, 1989-njy ýylda bolsa Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyny kabul etdi.

Ýatlamalaryň ýaýlasynda

Ejem güýz paslyny aýratyn söýerdi. Tomus aýlarynda agşam salkyn düşenden soň tamdyra çörek ýapýan ejem, güýz aýlarynda daň bilen basyran hamyryndan guşluk boluberende gyzgynjak çörek bişirip saçaga ýaýradardy. Onuň bişirýän tamdyr çörekleriniň şeýle datly tagamy, ýakymly ysy näçe ýaşan-da bolsam hiç aňymdan gidenok. Indi eneçeme ýyldyr sary ýapynjaly göwher güýzi ejemsiz garşylaýanlygym üçin gözüm tamdyra çörek ýapyp duran zenanlary gözleýär. Ýüzüne gyzgyn howruň çabyramazlygy üçin ýüzüni ýaglyk bilen saraýan zenanlaryň ählisi maňa ejem jan bolup görünýär. Tamdyr çöregini saçagyma dolasam ejemli günleriň ýakymly ýatlamasyna gaplanýaryn, ol kalbymyň hemrasy, göwnümiň ylhamy. Bu gün men ýene-de ejemiň ojagyna myhmançylyga geldim. Onuň giň howlusyna gaýyp gaçýan güýz ýapraklaryny syryp-süpürip çykdym. Göräýmäge, ejem janyň howlusynda özgeren zat ýok ýaly. Şol gäwmüş gaýtaryp duran akja köşeklije düýämiz, şol baglar... Emma, wagt ähli zadyň ornuny çalşypdyr. Ýaňy-ýaňylar hem towsup ýören çagadyk, eýýäm biz ene.