"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Lukmançylyk klasteri — «akylly» şäheriň önümçilik mümkinçilikleriniň nusgasy

Arkadag şäheri — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny görkezýän şäher. Ol öz tebigy gözelligi bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şan-şöhratyny dabaralandyrýar. Bu şäher Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň, her bir raýatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrundaky beýik işleriniň dowamat-dowam bolýan mekanydyr. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda binalardyr desgalaryň 336-sy, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlarydyr beýleki möhüm ähmiýetli desgalar ulanmaga berildi. Onuň ikinji tapgyrynda bolsa, esasan, önümçilik desgalaryny gurmak, lukmançylyk klasterini döretmek meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz Arkadag şäherine ýygy-ýygydan iş saparlaryny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen yzygiderli tanyşýar. Şu ýylyň 8-nji iýunyndaky iş saparynyň dowamynda-da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ähmiýetli şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterini döretmek meselesine aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň tekliplerinden ugur alny

Saglygyň gadryny bilgil...

- Tomus paslynda şöhlat önümlerini we beýleki tiz zaýalanýan önümleri ürç edip iýmeklikden saklanyň. - Kakadylan miweleri maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp kabul ediň, olaryň mikroelementlere baý önümlerdigini unutmaň.

Saglygymyzy goramak öz elimizde

♦Tomus paslynda Günüň ýiti şöhlesinden goranyň. ♦Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda, bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin ondan ýerlikli peýdalanyň.

Saglyk — gymmatly baýlyk

Kadalary berjaý edeliň!

Tomus. Dynç alyş. Şypahana

Şu günler tomus, dynç alyş, şypahana sözleri biri-biriniň yzyndan tirkeşip gelýär. Tomus paslynda zähmet rugsadyna çykmak ählimize hoş ýakýar. Rugsada çykandan soň bolsa, göwnüň şypahanada dynç almakdadyr. Şeýle bolansoň, şu günler «Farap» şypahanasynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen ildeşlerimizi görmek tötänlik däl. Çünki bu şypahana olaryň göwnejaý we sagdyn dynç almak üçin ilkinji saýlaýan ýerleriniň biri. Şypahanada şu günlerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, newropotolog lukman Nursoltan Akmyradowa ýüz tutduk: — Tomus möwsüminde şypahanamyz, hakykatdan hem, has köp adamly. Çünki bu möwsümde medeniýetli dynç almak bilen bir hatarda saglygy dikeltmek ugrundaky bejergiler hem has ýerine düşýär. Ýagny, jana şypa, bejeriji mineral suwy bilen meşhur şypahanamyzyň tomus günlerindäki esasy aýratynlygy açyk asmanyň astyndaky bejeriş we dynç alyş çäreleridir. Şypahanamyzda üsti ýapyk howuzlar bilen bilelikde daşarky howuzlar, basketbol we woleýbol meýdançalary hem hereket edýär. Myhmanlarymyz trenažýorlaryň, amfiteatryň hyzmatyndan hem giňden peýdalanyp bilýärler.

Gün şöhlesiniň täsiri

Tomsuň çogly günlerinde — özümizi Günüň ýiti şöhlesinden goramalydyrys. Günüň şöhlesi belli bir derejede D ýokumynyň esasy çeşmesidir. Şuňa görä, Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak üçin irden sagat 10.00-a çenli, öýlän 18.00-dan soň arassa howada gezelenç etmeli. Şol wagtlarda Gün şöhlesi bedenimiziň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyryp, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Günüň ultramelewşe şöhlesi çaganyň dogry ösmegine ýardam berýär. D ýokumy çagalarda igleme (rahit), ulularda bolsa osteoparoz keselleriniň döremeginiň, bedende alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalarynyň öňüni alýar. Tomus günleri açyk howada işleýän ildeşlerimize kellelerini ýaglyk, başgaplary bilen örtmeklerini, açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri geýmeklerini, ýeňleriniň uzyn bolmaklaryny, gözlerine Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri dakynmaklaryny, saýawan ulanmaklaryny maslahat berýäris. Günüň dowamynda 2 — 2,5 litre çenli arassalanylan agyz suwlaryny, gaýnadylyp sowadylan suwlary içmek hem peýdalydyr.

Sagdyn durmuş — eşretli ýaşaýyş

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösüşlere eýe boldy. Soňky onýyllyklarda ykdysadyýetde we oba hojalygynda, bilimde we ylymda, medeniýetde we saglygy goraýyş ulgamlarynda il-ýurt bähbitli ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyz gysga wagtyň içinde halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etjek belent özgertmelere eýe boldy. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny täzeçil usullar bilen halkyň saglygyny berkitmäge, keselçiligiň öňüni almaga, şeýle hem raýatlarymyzyň ömrüň dowamlylygyny uzaltmaga giň şert döretdi. Bu maksatnama laýyklykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň wajyp Kararlaryna we görkezmelerine esaslanýan saglygy goraýyş ulgamy ýokary netijelere eýe bolýar. Gysga döwrüň içinde, köp sanly döwrebap, ýokary tehnologiýaly häzirki zaman anyklaýyş merkezleri we hassahanalar gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda raýatlarymyzyň kadaly dynç almaklary üçin şypahanalaryň birnäçesi hereket edýär we olarda halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin amatly şertler döredilýär. Şeýle şypahanalaryň biri tebigy melhemligi bilen dertlere şypa bolýan «Arçman» şypahanasynyň dünýä talaplaryna laýyk gelýän, iň döwrebap bejeriş enjamlary bilen üpjün ediljek täze binasynyň düýbüniň t

Baş maksat — halkyň saglygy

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan asylly, sahawatly işler hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan pul serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary, dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlary sowgat berilýär.

Saglygymyz üçin peýdaly maslahatlar

Adam saglygyna peýdaly bolan Gün şöhlesini ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Sebäbi Gün şöhlesi diş we süňk dokumalaryna zerur bolan D witaminiň işlenip çykmagyna täsir edýär. Gezelençler ir säher, sagat 6-dan 9-a çenli, agşamlyk bolsa 18-den soň bolmaly. Gündiz daşaryk çykylanda kelläňe başgap geýmeli, ýaglyk daňmaly ýa-da saýawanly gezmeli.

Gün şöhlesinden goranyň!

Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň! Tomus aýlarynda Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýiň!

Gün şöhlesiniň täsirinden goranyň!

Günüň ýagty şöhlesi tebigatyň bize eçilen eşretleriniň biridir. Gün şöhlesi janly-jandar üçin egsilmez güýç we bereket çeşmesidir. Tebigatyň kanuny bizi gurşaýan zatlaryň ählisine deň täsir edýär. Şonuň üçin paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Gün şöhlesinden dogry peýdalanmagymyz hem-de goranmagymyz zerurdyr. Munuň üçin islendik adam arassa howada gezelenç etjek mahaly irden sagat 09:00-dan — 11:00 aralygynda, öýlän 18:00-dan soň, özi-de pasla görä geýnip daşaryk çykmalydyr. Şeýle ýagdaýda kabul edilen şöhle bedenimiziň goraglylygyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyryp, oňaýly täsir edýär.

Jan sag­ly­gyň bol­maz hiç de­ňi-ta­ýy

— Be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny ga­zan­mak üçin sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­me­li. Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­la­nyp, sag­dyn iý­mit­len­me­li. Irden we ag­şa­ma­ra aras­sa ho­wa­da ýa­rym sa­gat py­ýa­da ýö­re­me­li. — As­kor­bin tur­şu­sy­na baý önüm­le­ri (mi­we şi­re­le­ri­ni, bal­ly we li­mon­ly gök ça­ýy, it­bu­run dem­le­me­sini, al­ma, pyr­ty­kal mi­we şi­re­le­ri­ni, ke­lem, kä­şir we beý­le­ki bak­ja önüm­le­ri) ka­bul et­me­li.

Saglyk — baş baýlygymyz

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokary derejede netijeli ulanmak we innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda uly sepgitlere ýetildi. Keselleriň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan işler ilatyň saglygyny goramakda esasy ugur bolup durýar. Bu babatda Balkan welaýat Türkmenbaşy şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri tarapyndan hem uly işler alnyp barylýar.

Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

Täze taryhy döwrümizde jemgyýetimiziň aň-bilim kuwwatyny berkitmäge we adamyň intellektual dünýägaraýşyny ösdürmäge, ylym ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň saglygynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilen milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmek, adamlaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň täze derejä göterilmegi zamanamyzyň buýsandyryjy hakykatydyr. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen soňky ýyllarda lukmançylyk ylmy hem okgunly ösüşe eýe boldy. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugurlary Diýarymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny has-da ösdürmekden hem-de kämilleşdirmekden, pudagyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan, ylmy we amaly lukmançylyk babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Döwrüň talaplaryna kybap gelýän, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen iri lukmançylyk merkezleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Kadaly iýmitlenmek — saglygyň gözbaşy

Maşgala, dogan-garyndaşlar, goňşy-golamlar, dost-ýarlar bilen bilelikde geçirilýän baýramçylyk saçagyna iýmit önümleri goýlanda, olaryň taýýarlanyş, saklanyş düzgünleri pugta berjaý edilmelidir. Muňa arassaçylyk — gigiýena kadalarynyň ýönekeýje şertleri hem degişli bolup biler. Hut şonuň üçin baýramçylyk saçagyny taýýarlaýanlaryň arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi hökmandyr. Mundan başga-da, howanyň yssy döwrüne gabat gelen baýramçylyk günlerinde bedende, iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyklary ýüze çykarmak howpunyň öňüni almak üçin çendenaşa iýmekden saklanmalydyr.

Sagdyn jemgyýet — kuwwatly döwlet

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Bi­ziň ýur­du­myz­da jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy adam­dyr. Adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bol­sa döw­le­ti­mi­ziň baş ala­da­sy. Bu hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni­ni düz­ýän baş ugur­dyr. Yn­san üçin sag­lyk­dan uly baý­lyk ýok­dur. Döw­let üçin ra­ýat­la­ryň jan sag­ly­gy iň uly baý­lyk. Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň ýur­du­myz­da «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen ýö­rel­gäniň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da uly öňe­gi­di­şlik­ler ga­za­nyl­ýar.

Be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Sport ru­hu­be­lent ýa­şaýşyň göz­ba­şy­dyr» di­ýip, aý­ra­tyn bel­läp geç­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan ugur alnyp, be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si­ne hem öz­bo­luş­ly äh­mi­ýet ber­lip baş­lan­dy. Sport sag­ly­gyň aý­ryl­maz bö­le­gi ha­sap­lan­ýar. Be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si — bu ke­sel­le­riň we șikes­len­me­le­riň be­jer­gi­sin­de, ke­sel­le­rin gaý­ra üzül­me­le­ri­niň öňüni al­mak­da, işe ukyp­ly­ly­gy di­kelt­mek­de be­den­ter­bi­ýe se­riş­de­le­ri­ni ulan­ýan öz­baş­dak ulgam der­si­dir. Be­de­niň ýașaýyş funk­si­ýa­la­ry­ny hö­wes­len­di­ry­än esa­sy se­rișde fi­zi­ki maşk­lar bo­lup dur­ýar­. Be­je­riș be­den­ter­bi­ýe­si hä­zir­ki döw­ürde top­lum­la­ýyn be­je­ri­şiň iň wa­jyp dü­züm bö­le­gi­dir. Top­lum­la­ýyn be­je­ri­şiň esa­syn­da her şah­sy­ýe­te aý­ra­tyn saý­la­nyp al­nan be­je­riş usul­la­ry we se­rișde­le­ri hi­rur­gi­ýa, fi­zio­te­ra­pi­ýa, be­je­riş iý­mit­le­niş, der­man be­je­ri­şi we bașga­lar ýa­tyr. Top­lum­la­ýyn be­je­rișde funk­sio­nal (ișjeň­lik) te­ra­pi­ýa usu­ly hök­mün­de be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si­niň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Çün­ki fi­zi­ki maşk­lar äh­li be­de­niň iş­jen­li­gi­ne tä­sir edýär­ler. Be­je­riş­ be­den­ter­bi­ýe­si nä­sag­la­ryň aň dü­şün­je­li we iş­jeň fi­zi­ki maşk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri­ni göz öňün­de tut­ýar.

Tomus möwsüminde taplama çärelerini guramagyň ähmiýeti

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda» çaganyň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň görkezijileri dogrusynda ýaş nesilleriň durmuşa taýýarlygy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de komminikatiw (çaganyň ýakynlary we beýleki çagalar bilen bilelikde oýnamak, meşgullanmak) endiklerini ösdürmeklige üns berilýär. Tomus möwsüminde körpeler bilen dürli gyzyklanma we göwnaçma çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar, hereketli hem-de many-mazmunly oýunlar, duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlar, bäsleşikler yzygiderli guralýar. Esasan-da, tomus möwsüminde çagalar bakja-bagynyň körpeleri bilen guralýan bedeni taplama, endamyny sürtme, suwa taplama çäreleri tassyklanan gün tertibine laýyklykda, her gün günüň birinji ýarymynda geçirilýär. Körpeler bilen açyk howada geçirilýän bu çäreler gün tertibinde göz öňünde tutulan irki maşklaryň, gezelençleriň çäginde guralýan dürli hereketli oýunlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Oýun meýdançalarynda taplama çärelerini geçirmek üçin taýýarlanylan ýörite ýodajyklarda çagalar bilen açyk howada gezelençler guralýar. Şunuň ýaly çäreleriň irki ýaşdan başlap geçirilmegi körpeleriň bedeniniň berkemeginde, hereket işjeňliginiň artmagynda, olaryň ruhubelent, şadyýan kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Tomus paslynda çagalaryň

Dertlere derman buýan

Gözel tebigatymyzyň dermanlyk ösümlikleriniň biri bolan buýan halk lukmançylygynda gadymy döwürlerden bäri giňden ulanylyp gelinýär. Ýurdumyzyň çäginde onuň dört görnüşi duş gelip, olar özleriniň himiki düzüminiň, şypalylyk häsiýetleriniň ýokary derejededigi bilen tapawutlanýarlar. Buýanyň süýjüliginiň şekerden 40 esse ýokarydygy sebäpli, onuň köküniň diňe bir bejergi üçin däl, eýsem, konditer önümçiliginde hem giňden ulanylýandygyny bellemek gerek. Bejeriş häsiýetleri boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hasabynda duran dermanlyk ösümlikleriň sanawynda öňdäki bäşlige girýän buýanyň köküniň şiresinden ýurdumyzda melhem çaýlarynyň öndürilýändigi, elbetde, hemmämize mälimdir.

Donorlyk we onuň peýdasy

Il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän Watanymyzda her bir adamyň saglygy we onuň durmuş-ýaşaýyş şertleri barada uly aladalar edilýär. Adam hakda döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Sebäbi her bir adam, her bir raýat döwletiň baýlygy, onuň saglygy döwlet üçin örän möhüm saýylýar. «Donor» sözi latynçadan terjime edilende «sowgat bermek, peşgeş bermek» diýen manyny aňladýar. Donorlar öz ganyny çyn kalby bilen beýleki ynsanyň ömrüni halas etmek üçin paýlaşmaga ukyply adamlardyr. Haýsydyr bir tanyş ýa-da nätanyş adama zerur, şeýle tapylgysyz, hiç hili tehnologiýalar arkaly öndürip bolmajak gan we ganyň düzüm böleklerini bermek bilen, donor ynsan ömrüni halas edýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde her bir üçünji adama ömründe gan we onuň düzüm bölekleri zerur bolýar. Aýratyn-da, olar şikes we ýanyk alanlara, çylşyrymly hirurgiýa amallary geçirilmeli näsaglara, gan keselli adamlara, howply täze döreme kesellilere, göwreli zenanlara zerurdyr. Kähalatlarda gan adam ömrüni halas etmekde ýeke-täk serişde bolýar.