"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ki­tap oka­ma­gyň sag­ly­ga peý­da­sy

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Ki­tap oka­ma­gyň sag­ly­ga go­wy tä­sir ed­ýän­li­gi ba­ra­da­ky me­se­le hä­zir­ki za­man jem­gy­ýe­tin­de ga­ty mö­hüm­dir. Ki­tap oka­mak di­ňe bir bi­li­mi art­dyr­man, fi­zi­ki we psi­ho­lo­gi­ki taý­dan hem sag­ly­ga peý­da­lydyr. Mu­nuň bir­nä­çe esa­sy sebäpleri bar:

Belent ynsanperwerligiň nusgasy

«Pelegiň çarhy gowy adamlaryň hasabyna aýlanýar», «Eger-de adamlar birek-birege rehimdarlyk etmegi bes etseler, Ýer ýüzünde adam kowmy hem ýaşaýşyny bes eder». Nähili çuňňur edebi-filosofik suratlandyrmalar, dürdäne pikirler! Olar Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan alyndy. Bu pikirleriň logiki dowamy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabyndaky: «Ynsanlar her pursatda bagtyň, her günde özüne mahsus rysgyň, her ýagşy hereketde berekediň bardygyna ynanyp, uýup hem-de şol aýratynlygy duýup ýaşaýar» diýen jümlede öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda hossarlyga we bejergä mätäç ýaşajyk raýatlar hakynda edilýän aýratyn aladalar ynsana ýagşylyk etmegiň açyk-aýdyň mysaly bolup durýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýurdumyzda haýyr-sahawat işlerini durmuşa geçirmekde oňyn tejribe toplandygyny bellemek gerek. Gazna dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky hemaýata mätäç çagalara hem ýardam-goldaw berýär. Gaznanyň hasabyna daşary döwletlere, şol sanda Palestina, Türkiýe, Russiýa, Owganystana, Ukraina, Täjigistana ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy.

Baş maksat — saglygy dikeltmek

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy guwandyryjy sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zamanyň ösen lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilen, döwrebap saglyk öýleriniň, köpugurly hassahanalaryň, täze sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Ýetilen belent sepgitler netijesinde ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri barha köpelýär, hili ýokarlandyrylýar. Ak mermerli paýtagtymyzdaky sebitde deňi-taýy bolmadyk 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi dürli kesellerden soňra näsaglaryň saglygyny dikeltmäge niýetlenendir. Bu merkezde halkymyz öz saglyklaryny berkitmekde döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ýokary hilli hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Uly ýaşly adamlar, çagalar ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerinden, operasiýalardan soň saglyklaryny dikeldýärler. Bu ýerde dowamly kesellerden, operasiýalardan soň dürli ýaşdaky adamlaryň saglygyny ýatymlaýyn ýa-da gatnaw şertlerinde dikeltmek we berkitmek işlerini alyp barmak üçin lukmançylygyň iň döwrebap tehnologiýalaryndan peýdalanmaga ähli şertler bar.

Onkologiýa merkeziniň giň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dünýä derejeli ösüşleriň gazanylýandygynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen saglyk merkezlerinde ynsan saglygyny goramaga we keselleriň öňüni almaga ýokary derejeli şertler bar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, ýagny innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezinde raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak üçin döredilen mümkinçilikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkeziniň binasy 3 gatly bolup, 150 orunlykdyr. Merkezde kabul ediş we maslahat beriş, palliatiw bejergi, endoskopiýa, şöhle bilen anyklaýyş we funksional anyklaýyş, barlaghana, aýal keselleri, süýt mäziniň çiş keselleri, anesteziologiýa we reanimasiýa, operasiýa geçirilýän, zyýansyzlandyryş, patomorfologiýa barlaghana, umumy onkologiýa, himiýa terapiýa, gematologiýa, şöhle bilen bejeriş ýaly bölümler hereket edýär. Bölümleriň ählisi dünýäniň belli lukmançylyk enjamlaryny öndürijileriniň iň häzirki zaman

Sorag-jogap

Çaga nähili kömek etmeli? «Näme üçindir käte çybyn, ary çaksa-da deri şikeslenip, ýara döreýär we uzak wagtlap bitmeýär. Şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin mör-möjek çakan çaga nähili kömek etmeli? Lukmana ýüz tutmak hökmanmy?».

Türgenleriň iýmitinde witaminleriň we mineral maddalaryň ähmiýeti

Bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak adam bedeniniň fiziki işjeňligini ýokarlandyrýar. Bedeniň işjeňliginiň ýokarlanmagy kadaly iýmitlenmegi, ýagny has köp uglewodlary, aminokislotalary we beloklary, makro-mikroelementleri talap edýär. Türgenleriň kadaly iýmitlenmegi bolsa, barha artýan ýüklenmelere çalt uýgunlaşmaga, dikelişi çaltlaşdyrmaga we sport türgenleşiginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Iýmit we iýmit düzümi adam bedeninde örän möhüm ähmiýete eýedir. Yzygiderli sport türgenleşikleri üçin köp mukdarda energiýa sarp edilýär. Ýaryşlar metabolik prosesleri çaltlaşdyrýar. Ýokary netijeli türgenleşik üçin bedeniň kaloriýa, makro-mikroelementlere bolan talabyny doly kanagatlandyrmaly we şeýle hem oňyn duýgularyny oýandyrmalydyr. Çünki ruhubelentlik sportda ýokary netijeler üçin möhümdir. Artykmaç iýmitlenmek türgenler üçin zyýanlydyr. Artykmaç iýmit bedende iýmitiň siňmeginiň bozulmagyna ýa-da agramyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin türgenler jynsyna, meşgullanýan sport görnüşine we ýaşyna görä iýmitlenmelidirler. Türgenleriň iýmitlenmegi türgeniň özüne berýän ýüklenmelerine görä bolmaly. Türgenlere esasy haýsy witaminler we minerallar zerur?

Adam näme üçin üşüdýär?

Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň ilkinji saglygy goraýyş kömegi boýunça orunbasary, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Ogulbagt Taňňyýewa habarçymyz bilen söhbetdeşlikde diňe bir syrkawlarda däl-de, eýsem, sagdyn adamlarda hem duş gelip bilýän alamat — üşütme bilen baglanyşykly sowallara jogap berýär. — Üşütme — bu nähili alamat?

Böwrekler sagdynmyka?

Žurnalist Narjan Kasymowa Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň umumy hirurgiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Abdyllaýew bilen söhbetdeşliginde böwrekleri sagdyn saklamagyň, olaryň keselleriniň öňüni almagyň ugur-ýollary bilen baglanyşykly meseleler gozgalýar. — Adama böwrekler näme üçin gerek? Bu agzanyň ynsan ýaşaýşynda nähili ähmiýeti bar?

Adam bedeni barada gyzykly maglumatlar

Adam bedeni köp sanly agzalardan ybaratdyr. Bedeniň iň uly agzasy iýmit siňdiriş ulgamyna degişli bolan inçe içegedir. Onuň uzynlygy 4 metre barabardyr.

Arkadaky agyry nämäni habar berip biler?

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa diňe bir syrkawlarda däl-de, eýsem, sagdyn adamlarda-da döräp bilýän alamat — arkadaky agyry bilen baglanyşykly soraglara jogap bermegi Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkeziniň fizioterapiýa bölüminiň müdiri Göwher Baýramowadan haýyş etdi. — Arkadaky agyry nähili ýagdaýlarda arkaýyn bolmaga esas berip, nähili ýagdaýlarda lukmana ýüz tutmalydygyny duýdurýar?

Dünýä lukmançylygynyň görnükli alymy

Abu Aly ibn Sinanyň ömri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragy, türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Ibn Sina (Lukman Hekim) özüniň ýaşap geçen döwründe ýokary atlara mynasyp bolýar: «Hakykatyň güwäçisi», «Alymlarbaşy, beýik dana», «Arap Aristoteli», «Alymlaryň baştutany», «Kliniki farmakologiýanyň atasy», «Lukmançylygyň atasy». Alym-filosof ylym babatda öz döwrüne mahsus bolmadyk, ýagny dersleriň arasyndaky arabaglanyşykly çemeleşmäniň amaly tejribä ornaşdyrylmagyny ündäpdir. Ibn Sina diňe lukmançylygy däl, eýsem filosofiýany, astronomiýany, matematikany we beýleki ylmy ugurlary bilelikde öwrenipdir. Alym asman jisimleriniň hereketi bilen adamyň saglyk ýagdaýynyň arasyndaky arabaglanyşygyň bardygyny düşündiripdir we bejergi üçin astronomik aýratynlygyň oňaýly şertlerini peýdalanypdyr. Matematikany hasapnamalary we ölçegleri çykarmak, fizikany bolsa adam bedeninde bolup geçýän fiziologik hadysalary düşündirmek üçin ulanypdyr.

Uzak ýola çykylanda...

Ýurdumyzyň dürli künjeklerine, daşary ýurtlara syýahata, dynç almaga ýa-da iş saparyna gidilende ýanyň bilen çalşyrgyç eşik, iýmit önümlerini almak ýeterlik däldir. Ýol dermanhanajygyny götermek öýden daşarky ýaşaýyş şertlerinde saglygyňy goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Howa-klimat, wagt guşaklygy, iýmit, umuman ýaşaýyş-durmuş şertleri dürli sebitlerde dürli bolup, başga ýerden gelen adamyň bedeniniň olara uýgunlaşmagy üçin wagt gerek bolýar. Meselem, sowuk klimatly ýurtlarda yssy howaly ülkeden gelen adamyň bedeniniň aşa sowamagy hem-de munuň netijesinde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagy mümkin. Alys ýere gidilýän ýolda ýa-da barlan ýerde ilkinji lukmançylyk kömegini almaga zerurlyk ýüze çykyp bilýär. Uzak ýola gatnaýan sürüjilerde şeýle ýagdaýlara duçar bolmak töwekgelligi has ýokary bolýar.

Dişler sagdyn görünse-de...

Dişleriň sadap ýaly berk, dür ýaly ak bolup, sapaga düzülen hünji ýaly owadan görünmegi entek agyz boşlugynyň sagdyndygyny aňlatmaýar. Diş etiniň keselleriniň öňüni almak hem agyz boşlugyny sagdyn saklamakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Stomatolog lukmanlaryň iş tejribesinde köp duş gelýän gingiwit, parodontoz ýa-da parodontit «parodontyň keselleri» diýlip atlandyrylýar. Parodont dişi gurşaýan dokumalar toplumy bolup, ol: √ diş etinden;

Möwsümleýin kesellerden goranalyň!

Gyş paslynyň gelmegi bilen howa sowap başlaýar. Howanyň sowamagy, pasla görä geýinmezlik, bedeniň üşemegi bolsa immunitetiň peselmegine, dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna itergi berip bilýär. Gyşda ýiti respirator ýokançlaryň öňüni alyş kadalary berjaý edilmedik ýagdaýlarynda dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Bu bolsa ýokançlaryň dem alyş ýollaryna aralaşmagyna we soňra olary zeperlendirip, keseliň alamatlarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Islendik wirusly ýokançlar, ylaýtada, çagalarda ýerli we umumy immuniteti gowşadýar. Şoňa görä-de wiruslaryň üstüne bakteriýa ýokançlarynyň goşulmak ähtimallygy ýokarlanýar. Grip, paragrip, rinowirus, adenowirus ýaly wiruslar dümewi, ýiti respirator wirus ýokanç kesellerini ýüze çykarýar.

Süýjüli diabet we arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy

Süýjüli diabet we arterial gan basyşynyňýokarlanmagy (gipertoniýa) — bu, köplenç, biri-biri bilen baglanyşykly geçýän, gaýra üzülmelere getirýän kesellerdir. Arterial gipertoniýa süýjüli diabetli näsaglarda başga keselli näsaglar bilen deňeşdirilende 2 esse köp duş gelýär. Arterial gipertoniýa süýjüli diabetli näsaglaryň saglygyna düýpli täsirini ýetirýär, ýagny bu näsaglarda ýürek-damar, peşew çykaryş ulgamynda gaýra üzülme ähtimallygy has ýokary bolýar. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, ýagny arterial gipertoniýa getirýän esasy sebäpleriň biri-de insulinorezistentlilikdir. Insulinorezistentlilik — munuň özi adam bedeniniň insulin gormonyna duýgurlygynyň peselmegidir. Şonuň netijesinde dokumalarda gandaky glýukozany kabul etmeklik ukyby peselýär. Insulinorezistentlilik, esasan hem, semiz adamlarda köp duş gelýär. Bu ýagdaý birbada ýüze çykmaýar, diňe metaboliki bozulmalar başlanan wagty bilinýär. Adamyň beden-agram indeksi 35-40%-den ýokary bolan ýagdaýynda insuline duýgurlyk 40%-e çenli peselýär. Insulinorezistentlilik giperinsulinemiýa (ganda insuliniň mukdarynyň ýokarlanmagyna) getirýär. Insulin gandaky kalsiý we natriý duzlarynyň öýjügiň içine geçmekligine täsir edýär. Olar hem öz gezeginde gan damarlarynyň ýylmanak myşsalarynyň ýygrylyjylyk ukybyna täsirini ýetirýär. Netijede, öýjügiň içine kalsiniň akymy ýokarlanýar, damarlaryň dilýatasiýasy (gowşap giňelmegi)

Çaga sagdyn bolmasa...

Sistit çagalarda ýygy duşýan keselleriň biridir. Ol peşew bölüp çykaryş ulgamynyň ýokançlar sebäpli zeperlenme alamaty hökmünde ýüze çykýar. Ýagny keseliň esasy sebäbi peşew ýollaryna kesel dörediji mikrobedenjikleriň düşmegidir we olaryň köpelip peşew haltanyň gaýnaglamasyna getirmegidir. Netijede, peşewiň reňki üýtgeýär, onda sülekeýli çökündi, kähalatda bolsa, ganjymak goşundyly nem ýüze çykýar. Gyzjagazlarda sistit oglanjyklara garanyňda 3-5 esse ýygy duşýar, bu olaryň beden agzalarynyň anatomiki aýratynlyklary bilen düşündirilýär.

«Berzeňňi» şypahanasynyň tebigy melhemleri

Üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şypahana - dynç alyş edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde paýtagtymyzyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Berzeňňi» şypahanasy hem düýpli özgerdildi. «Berzeňňi» şypahanasy irki wagtlardan bäri mälim bolan mineral suwly çeşmäniň ýanynda ýerleşýär. Şypahananyň täze binasy 2012-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýerdäki guýudan her sekuntda 7 litr suw çykýar. «Berzeňňi» tebigy mineral suwunyň düzüminde 24 sany element bar. Bu suw sulfat-magniý, kaliý mineral suwlarynyň hataryna girýär. Onuň üýtgewsiz gyzgynlygy 37 gradusdyr. Mineral suwlaryň täsiri, ondaky himiki elementleriň we birleşmeleriň (duzlaryň we ionlaryň) düzümi bilen kesgitlenilýär. Çylşyrymly düzümli suwlar bedene köptaraplaýyn täsir edýär. Olaryň täsiriniň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi ulanyş usulyna bagly bolup durýar.

Çaga beýni ysmazly näsaglarda «LOKOMAT Pro 6 PE» enjamyny ulanmagyň usuly

Maýa ÖKÜZOWAGurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi «Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş nesliň täzeçe garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur» diýip, buýsançly belleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýmak arkaly olaryň saglyklaryny dikeltmek, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan gözbaş alyp gaýdýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini durmuşa ornaşdyrmakda esasy orny eýeleýär. Bu işleri amal etmekde diňe bir ýurdumyzyň çagalaryna däl, eýsem, dünýä döwletleriniň çagalaryna hem haýyr-sahawat goluny uzadýan, Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer hemaýaty bimöçberdir. Gaznanyň howandarlygynda gurlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi mümkinçiligi çäkli çagalara saglygy goraýyş kömegini berm

Inçekeseli anyklamagyň we bejermegiň täze ýörelgesi

Annamyrat REJEPOW, Babaguly JUMAÝEW, Mähri DURDYÝEWA, Röwşen JUMAÝEW, Mähri JÜMMIÝEWAÝokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi, M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň inçekesel kafedrasy Inçekesele garşy göreş «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Soňky onýyllygyň dowamynda Türkmenistanda inçekesele garşy göreş çärelerini amala aşyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy, inçekeseli anyklamak, gysga möhletde bejermek boýunça birnäçe täze usullar ornaşdyryldy. Şolaryň biri hem BSGG tarapyndan teklip edilen täze innowasion näsaga gönükdirilen çemeleşme hökmünde ykrar edilen inçekeselli näsaglary gatnaw şertlerinde bejermek usulydyr. Bu usulyň netijeliligi barada ylmy edebiýat çeşmelerinde gabat gelmek bolýar [1-4]. Şonuň bilen baglylykda biziň ýurdumyzda hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we «Türkmenistanda inçekesele netijeli gözegçiligi üpjün etmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýruklary, şol sanda «Türkmenistanda inçekeselli näsaglary bejermegiň ambulator modeli» işlenilip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.

Çagalarda paralitik göz çaşylygynyň uly burçlarynyň hirurgik bejerilişi

Aýgözel EZIZOWAHalkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi Paralitik göz çaşylykly çagalaryň saglygynyň dikeldilmeginiň toplumlaýyn bejergisi hirurgik tapgyryny hem öz içine alýar [6, 7]. Gözüň gyşarmagyny aýyrmak üçin geçirilýän tenorafiýa operasiýalaryň hirurgik tehnologiýalary sazlaşykly göz çaşylygyny bejermekde öz netijeliligini görkezdi [2-4]. Awtorlaryň ylmy işlerinde belleýşi ýaly, sazlaşykly göz çaşylykda gözleriň göni muskullarynyň tenorafiýasynyň ýerine ýetirilmegi gözüň öňki böleginiň gan bilen üpjünçiliginiň bozulmagyna getirmeýändigi, onuň geçirilmeginiň tehnik taýdan ýeňildigi we operasiýa geçirilende gaýra üzülmeleriň döremeginiň ähtimallygynyň azdygy görkezildi [1-3]. Çagalyk döwründe ýüze çykýan paralitik göz çaşylygynda netijeli hirurgik çemeleşmeleriniň kämilleşdirilmeginiň gözlegi dowam edýär [5, 8].