Ykbalyny arheologiýa baglan
Taryha şan beren ylmy açyşlar M.Ý.Massonyň we onuň ýetişdiren şägirtleriniň yhlasy bilen geçmişde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy arheologiýa we etnografiýa taýdan çuňňur öwrenildi. Alymyň 1950-nji ýyllarda geçiren ylmy barlaglarynyň netijesinde neşir edilen «Merwden Horezme we Mawerennahra orta asyr söwda ýollary» atly makalasynda Merwden Köneürgenje barýan ýoluň ugrunda Wiza, Marduş, Ispas, Saýfana (Seng rabaty — Daşrabat), Tahyryň rabaty (Daýahatyn), Budina rabaty, Dargan, Jigerbent, Dahanşir, Sadwar, Hazarasp, Hywa, Zamahşar ýaly iri şäherlerdir kerwensaraý-rabatlar, şeýle hem Merwden gaýdan kerweniň Garagum sährasynyň içi bilen Sengärabada barýan ýolunyň bolandygy baradaky maglumatlary ilkinji bolup ylma girizdi.