Gyzykly küşt bäsleşigi
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi şatlykly, şowhunly günler bilen dowam edýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin täsirli çäreler yzygiderli guralýar. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Bagtyýar çagalyk» ady bilen sportuň küşt görnüşi boýunça geçiren bäsleşigimizem gyzykly boldy. Çagalaryň höwes bilen gatnaşmaklarynda geçen ýaryşda tapawutlananlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.