Sport — şahsyýet kämilliginiň mekdebi
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň we Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyrynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi ata Watanymyzyň halkara derejesindäki sport abraýyndan nyşandyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatyna hem ählitaraplaýyn taýýarlyk görülýär. Şu ýylyň güýzünde ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň çäginde bu ýaryşyň nyşanynyň, sport lybaslarydyr welosipediň bezeginiň taýýarlanylandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň işlenilip taýýarlanan nyşanynda türkmen halysynyň ýüzünde şekillendirilýän garşy-goçak we alaja nagyşlary, welosipedçiniň sudurynyň görnüşi öz beýanyny tapýar. Ýaryşda çykyş etjek türgeniň egin-eşigi bolsa, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkinden we nagyşlaryndan ugur alnyp işlenip taýýarlanypdyr.