"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýyldyrym ýetdirmez ýellere, bedew!

Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýedisi geçirildi. Onda ýeňiji bolan çapyksuwarlara, şeýle-de 19-njy aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça konkur ýaryşynda we 24-nji aprelde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde ýeňiji bolan türgenlere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Şa serpaýlary gowşuryldy. Sagrysy serpaýly bedewlerimiziň hormatyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynda Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Begençmyrat AGAMYRADOW, 7-nji çapyşygyň ýeňijisi:

Yhlas edilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy bilen halkymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilen işler gerim alýar. Ilatyň saglygyny goramakda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegem uly ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem sport mekdeplerinde we desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň sany artýar. Ýaşlary beden we ruhy taýdan terbiýelemekde, ezber türgenleri ýetişdirmekde biziň sport mekdebimizde-de uly işler bitirilýär. Tejribeli tälimçilerimiziň ýolbaşçylygynda ýaş türgenlerimiz öz saýlan ugurlary boýunça ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Türgenleşikler şu günüň ýokary talabyna laýyklykda alnyp barylýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport mekdebimiziň Mary şäherindäki 21-nji orta mekdebi bilen bilelikde geçiren bäsleşigi hem ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň netijeleri ýaşlaryň sporta bolan isleg-höwesleriniň barha ýokarlanýandygyny äşgär etdi. Munuň özi milli Liderimiziň yglan eden sport syýasatynyň rowaçlanýandygyny subut etdi.

Baýramçylyk at çapyşyklary

DÜÝN Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar goşa senäniň toý joşgunyny belende göterdi. Atçylyk sport toplumynyň golaýyndaky toý meýdançasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary giň gerim aldy. Toplumda geçirilen baýramçylyk at çapyşyklary uly gyzyklanma eýe boldy. Toý gününde ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda at çapyşyklaryň ýedisi geçirildi. Birinji, ikinj, üçünji, dördünji çapyşyklar üçin 1200 metr aralyk bellenilip, olarda bedewler degişlilikde “Polatly”, “Meleguş”, “Gelşikli”, “Ýanardag” baýraklaryny almak ugrunda ýyndamlygyny görkezdiler. Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Gutly atly gara aty, ikinji çapyşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Garabatyr atly mele aty, üçünji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Tejen atly dor aty, dördünji çapyşykda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk hojalygynyň Gyzlarym atly dor gysragy pellehana birinji bolup gelmegi başardylar.

Ruhubelent ýaşlar

Ýakynda Änew şäherindäki sport mekdebinde ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi. Ahal welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Ýaryşda talyp gyzlar 60 metr, talyp oglanlar 100 metr aralyga geçirilen bäsleşiklere goşuldylar. «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» ady bilen geçirilen ýaryşa gatnaşan ýaşlar erjelliklerini görkezdiler.

Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz

Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasynyň çäklerinde, düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň guramagynda geçirilen bu gezekki uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi diýseň täsirli boldy. Oňa gatnaşýan türgenler ir säherde ýaryş geçirilýän meýdançanyň ýanynda atlary bilen gezim edip, toýçy märekäni behişdi bedewlerimiziň gözelligi bilen ýakyndan tanyşdyrdylar. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşik atlaryň çydamlylygyny, erjelligini, türgeniň atyň güýjüni doly we dogry peýdalanmagyna gönükdirilen başarjaňlygyny, ukybyny kesgitleýär. Ýeri gelende bellesek, atçylyk sportunyň bu görnüşi Ýer şarynyň ähli yklymlarynda giňden ýaýrandyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ol resmi derejä eýedir. Ol atçylyk sportunyň özbaşdak görnüşi hökmünde onuň Halkara federasiýasynyň (FEI) düzümine girizildi.

Joşa gelýär ýürekler

Türkmen halkynyň uçar ganaty behişdi bedewlerimiziň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmen bedewiniň şanyna tutulýan uly toýuň dabaralary Mary atçylyk sport toplumynda uludan tutuldy. Milli ýörelgeler esasynda guralan bu ajaýyp toýa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň seýisleri, çapyksuwarlary öz bedewleri bilen gelipdirler. Biz hem dabaranyň geçirilýän Mary atçylyk sport toplumynda bolup, toý gününde toýdan paýly çapyksuwarlarymyzyň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik. Baýram Mämmedow,ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen baýramçylyk at çapyşygynyň ýeňijisi, Daşoguz welaýaty:

Ýyldyrymdan ýyndam

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ilkinji gezek utgaşykly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň şanyna tutulýan uly toýuň dabaralary 24-nji aprelde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde, tebigatyň ajaýyp künjeginde gurnalan ýörite çapuw ýodasynda Uzak aralyga atly ýörişiň bäsleşikleri bilen dowam etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli şu gezekki geçirilen ýaryşa dürli atçylyk hojalyklaryna — Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Milli atly sport merkezine, Türkmenistanyň Goranmak we Içeri işler ministrliklerine degişli 20 sany saýlama bedew gatnaşdy. Atly sportuň bu görnüşiniň düzgüni boýunça ýaryş başlamazdan ozal ýörite hünärmenler we weterinar lukmanlar bäsleşige goşuljak atlaryň we olara erk etjek türgenleriň saglygyny, eýer-esbabyny gözden geçirip, soňra ýaryşa gatnaşmaga rugsat berýärler. Düzgün boýunça uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine gatnaşýan çapyksuwara gamçy ulanmak gadagandyr. Badalgadan bellenilen nokada çenli aralyk bir tarapa 15 kilometre deň bolup, atlar bu aralygy her tapgyrda iki gezek geçdiler. Ýyndamlyga hem çydamlylyga, şol birwagtda-da uzak ara ýörişlerden soň özüni çalt dürsemek ýaly artykmaçlyga eýe bolan türkmen bedewleri bellenen aralyga baryp gelenden

Jahanyň naýbaşy aýlawlary

Halkara atçylyk sport toplumy Gojaman Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumy ýurdumyzda iň uly at aýlawy hasaplanýar. Bu ägirt toplumyň umumy tutýan meýdany 90 gektardan gowrak bolup, ol birnäçe döwrebap desgalary özünde jemleýär. Bu ýerdäki merkezi çapuw ýodasynyň umumy uzynlygy 2 müň metre barabardyr. Toplumyň bezeg işleri milli binagärlik sungatymyz esasynda alnyp baryldy. Halkara atçylyk sport toplumynda athanalar, seýisler we çapyksuwarlar üçin ýaşaýyş jaýlar, bedewler üçin barlaghanalar, türgenleşik howzy, ussahana, nal taýýarlanylýan otag, bede we ýörite iýmler saklamaga niýetlenen ýörite jaýlar bar. Olaryň ählisinde ýokary hilli innowasion enjamlar ornaşdyrylan. Bulardan başga-da, bu ýerde atlary arassa howada dynç aldyrmak, gezelenç etdirmek üçin hem ýörite meýdançalar ýerleşýär.

Ýüwrükler ýaryşda belli

22-nji aprelde Mary welaýat merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu toplum, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.

Taý tapylmadyk Täşli Taýly (oçerk)

Men ha­ly­pam, žur­na­list Möw­lam­ber­di Mäm­me­do­wyň öý­le­ri­ne ba­ra­nym­da ol te­le­wi­zo­ryň öňün­de otu­ryp, ýaý­lym­da ber­lip du­ran küşt ha­kyn­da­ky fil­me to­ma­şa edip otu­ran eke­ni. Sag­lyk-aman­lyk­ so­ra­şa­ny­myz­dan soň­ra: — Ha­ly­pa, ýa­da­man bir sa­gat­lyk fil­me to­ma­şa edäý­diň­mi?— di­ýip, ha­bar gat­dym.

Atçylyk sporty ösüş ýolunda

Türkmen milli oýunlarynyň iň naýbaşylarynyň hatarynda at münmek we at üstündäki oýunlar sungaty hem häzirki wagtda ýaşlarymyzyň iň gyzyklanýan sport oýunlarydyr. Bu günki gün behişdi bedewlerimiziň gözelligi hem ýyndamlygy, şeýle hem ata-babalarymyzdan miras galan at üstündäki oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän türkmen çapyksuwarlarynyň başarjaňlygy türkmen halkyny buýsandyrýar we milli oýunlarymyzyň dünýä çykmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz: «Atçylyk sporty, at münmek we at çapyşyklar adamda batyrlyk, ugurtapyjylyk, ezberlik hem-de öz-özüňe erk etmegi başarmak ýaly häsiýetleri terbiýeleýär» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň özleriniň mümkinçiliklerini dogry hem netijeli ulanmalydyklaryny nygtaýar.

Sport — rowaçlyklaryň badalgasy

Halkyň saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlanmagyna, bedenterbiýe hereketiniň we sportuň ösmegine uly üns berýär. Ata Watanymyzda sport bilen meşgullanýan raýatlaryň, esasan-da, ýaşlaryň sany barha artyp, eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alynýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dürli derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmäge ähli mümkinçilikler bar. Ata Watanymyzda gurlup, häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edilen sport desgalary ýaşlarymyza sport türgenleşiklerini yzygiderli geçmäge we olaryň barha taplanmagyna, kämilleşmegine ýardam edýär. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Aziýa yklymynyň bu iri ýaryşy dünýäniň ençeme ýurdundan türgenleriň, sport ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ýüzlerçesini Aşgabada ýygnady. Ägirt uly bu halkara sport çäresi türkmen sportunyň taryhyna şöhratly sahypalar bolup girdi.

Gyzykly oýundan gyzykly çempionata

— Ine, se­rediň, şu aty­zy gör­ýäň­izmi? Şunuň da­şyn­dan kim bi­rin­ji aý­la­nyp gel­se, şo­lam ýe­ňi­ji bol­ýar. Düş­nük­li­mi? Ha­ny, on­da, ki­miň we­lo­si­pe­di­ne göw­ni ýet­ýän bol­sa, geç­sin ha­ta­ra! Özü­miz­den bir­ki ýaş uly, eka­byr­rak og­lan­la­ryň mu­ny diý­dik­le­ri bes, to­zan tur­zup ýa­ry­şa go­şu­lar­dyk. Oba ýer­le­rin­de ýö­re­mä­ge (di­ňe ýö­re­mek hem däl, ýa­ryş­ma­ga) wer­ziş eden we­lo­si­ped­ler-de, ga­raz, gör­ke­zi­len aty­zyň da­şyn­dan bir ge­zek öw­rüm edip gel­ýän­çäk, alyp çy­kar­dy. Ýe­ňi­ji bo­lup, begenenim ýa­dy­ma düş­me­se-de, şol ýa­ryş­la­ra kän-kän ge­zek gat­na­şa­nym ha­ky­dam­da. Şeý­le hö­wes­jeň ýa­ryş­lar hä­zi­rem bar­dyr-la! Bi­ziň oba­myz­da­ky ça­ga­lar-a ýa­ryş­ýar şeý­dip. Ýö­ne, bu ýa­ry­şyň spor­tuň bir gör­nü­şi­di­gi­ne ula­la­ny­myz­dan soň dü­şü­nip gal­dyk. Häk, şol wagt­lar çy­ny­my­zy eden bol­sak, her bi­ri­miz­den we­los­port bo­ýun­ça tür­gen çy­kyp bil­jek eken.

Ýeňiş ýaranyň bolsun!

Aşgabat şäherindäki 100-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gadam Köşiliýew geljekde halkara ýaryşlarynda ýokary netijeler gazanmagy maksat edinýän ýaşlaryň biri. Sportuň Welotrek görnüşi bilen gyzyklanýan bu ýetginjek öz arzuwlarynyň yzyna düşüp, 2018-nji ýylda paýtagtymyzyň Köpetdag stadionynda tälim berýän Myrat Rejebowyň ýolbaşçylygynda türgenleşmäge başlaýar. Türgenleşige ýaňy başlan ýetginjek 2018-nji ýylyň 26-njy awgustynda 40 kilometr aralygy geçmek boýunça geçirilen Aşgabadyň birinjiliginde üçünji orny eýelemegi başardy. Şol ýylyň 27-nji oktýabrynda Welosport boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiliginde 15 km aralygy ýekelikde geçmek boýunça ýetginjekleriň arasynda birinji orna mynasyp boldy.

Bedew — ýigidiň myrady

Görogly bege «Gardaş dilemedim, seni diledim» diýdiren, şuňkar guşa deňelen behişdi bedewlerimiz, olaryň ýelden ýüwrük ýyndamlygy bu gün dünýäni haýrana goýýar. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň naýbaşy görnüşi bolan konkur boýunça geçirilen bäsleşik muňa şaýatlyk edýär. Säher bilen bäsleşigiň geçirilýän ýerinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere atly sport janköýerleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz

Golaýda paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň konkur görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu ýaryşlara atly sportuň köpsanly janköýerleri bolan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen konkur ýaryşlarynyň nobatdaky tapgyryna türgenleriň 14-si öz bedewleri bilen gatnaşdylar. Ir säher bilen bäsleşigiň geçirilýän meýdançasynda hakyky baýramçylyk joşguny emele geldi. Gyzgalaňly geçen ýaryşyň birinji tapgyrynda bedewler 1,10 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 12-sinden böküp geçmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga olaryň 10-sy hukuk gazandy. Ikinji tapgyrda 1,20 metr beýiklikdäki päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşan bedewleriň üçüsi deň netije görkezdiler. 1,30 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 8-sinden böküp geçmek boýunça üçünji tapgyr hem diýseň çekeleşikli boldy. Bäsleşigiň jemleri boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýew özüniň Altynhan atly bedewi bilen birinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Seýidymam Seýidow Akgala atly b

Ýaşlaryň erjelligi

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde giň göwrümli sport-sagaldyş çäresi geçirildi. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen çäre «Sagdyn durmuş ýörelgelerine uýup maşk edeliň, bedenimiz taplansyn!» diýlip atlandyryldy. Bilim işgärleriniň, türgenleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň işeňňir agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen sport-sagaldyş çäresi beden maşklarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Oňa ildeşlerimiziň hyjuwly gatnaşmagy sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini alamatlandyrdy. Soňra çärä gatnaşyjylar türgenleşik zallarynda bolup, döwrebap enjamlaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalandylar, işjeň türgenleşik geçdiler.

Ýaryş güýçlüleri saýlady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli Tejen şäheriniň sport mekdebinde ýaryş geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, ildeşlerimizi sporta çekmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alyp geçirilen ýaryşa şäheriň sport we medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ýaşlardan düzülen toparlar gatnaşdy. Şäheriň sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýeňil atletikanyň görnüşleri boýunça guralan ýaryşda ýaşlar özaralarynda gyzykly bäsleşikleri alyp bardylar. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşda toparlaryň her biri ýeňiş gazanmak ugrunda ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezdi.

Dem alyş ulgamynyň kesellerinde peýdaly maşklar

Gan we limfa aýlanyşygyny işjeňleşdirýän bejeriş-bedenterbiýe maşklar toplumy adamda kadaly dem alşy ýola goýup, dürli gaýra üzülmeleriň öňüni alýar, bedeni fiziki agram salmalara taýýarlaýar, nerw-psihiki hem-de umumy ýagdaýyny gowulandyrýar. Bu bejeriş-bedenterbiýe maşklar toplumy: • kesellerden soňky dikeldiş döwründe, has-da dem alyş ulgamynyň kesellerinde;• öň işjeňligi peselen alweollaryň, öýkeniň, bronhlaryň dokumalarynyň gan we limfa aýlanyşygynyň gowulanmagyna;• dem alyş hereketine gatnaşýan myşsalar toparynyň işjeňleşmegine;• dem alyş ulgamy bilen bagly gaýra üzülmeleriň öňüni almakda has-da peýdalydyr.