"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sagdyn durmuş — sagdyn jemgyýet

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň berk bin­ýa­dy­dyr, äh­li ro­waç­lyk­la­ry­my­zyň we üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň göz­ba­şy­dyr» di­ýip nyg­ta­ýar hem-de ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­ny döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de öň­de goý­ýar, bu ba­bat­da uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Di­ýa­ry­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de äh­li ýer­ler­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga ber­len döw­re­bap sta­dion­la­ryň, be­den­ter­bi­ýe we sa­gal­dyş top­lum­la­ry­nyň ga­py­la­ry ýur­du­myz­da sag­dyn­ly­ga sar­pa goý­ýan her bir adam üçin açyk­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­la­nyp, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­me­giň nus­ga­lyk gö­rel­de­si, mek­de­bi bo­lup dur­ýan­dy­gy bi­ziň her bi­ri­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne hem-de en­dik­le­ri­ne bo­lan hö­we­si art­dyr­ýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna ak pata bermek dabarasyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Siziň öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen bedew batly, ynamly öňe barýar, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni kuwwaty hem-de halkara sport abraýy barha pugtalanýar. Siziň: «Häzir Watanymyzda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Geçirilýän bu işler oňat netijelerini hem berýär» diýen çuňňur mazmunly sözleriňiz, ýurdumyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup kemala gelmekleri barada edýän bimöçber atalyk aladalaryňyz, hormatly Arkadagymyz, Size bolan buýsanjymyzy arşa göterýär.

Olimpiýaçylarymyz abraýly ýaryşda

Türkmen türgenleriniň 9-sy dörtýyllygyň iň iri ýaryşyna – XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýarlar. «Günüň dogýan ýurdunda» ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmak türkmen türgenleriniň baş maksady. Olimpiýa oýunlaryna ugradylyş dabarasynda biziň habarçymyz türgenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň taýýarlyk ýagdaýy baradaky gürrüňlerini, şeýle-de olimpiýa arzuwlaryny ýazga geçirdi. Hojamuhammet TOÝÇYÝEW:

Ildeşlerimiz sport baýramçylygynda

Hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Bu gün türgenlerimiziň dünýäniň iň iri ýaryşlaryna gatnaşmagy köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalarynyň netijesidir. Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Tokio şäherine iberilmegi bolsa ýurdumyzyň türgenleriniň ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň Tuguny belentde parlatjakdygyna bolan ynamy artdyrýar.

Halypa hormaty

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda türgenlerimiz halkara arenalarynda netijeli çykyş etmeklerini dowam edýärler. Olaryň ýokary netije gazanmaklarynda tagalla edýän tälimçiler toplan baý tejribelerini şägirtleri bilen paýlaşyp, gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýarlar. Alnyp barylýan bu işlerde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halypa-şägirtlik ýoly giňden beýanyny tapýar. Ine, biziň bu günki söhbetdeşimiz hem bütin ömrüni sportuň basketbol görnüşine bagyş eden, türgen hökmünde-de, tälimçi hökmünde hem özüni kemsiz tanadan halypalaryň biri. Oňa Wagif Mamedow diýýärler.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly ösüşleri bilen täze belentlikleri nazarlaýan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeginde jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gatnaşmagynda guralýan wagyz-nesihat duşuşyklarynda ýaşlaryň saglygyny goramak, agyz-burun boşluklaryndan geçýän dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen ýörite niýetlenen agyz-burun örtüginiň zerurdygy we hökmany ýagdaýda ýolda, işde, öýde we köpçülik ýerlerinde dakynmalydygy barada düşündirilýär. Bellenen araçägiň saklanylmagyna pugta eýermäge çagyrylýar.

Sagdynlygyň gözbaşy

Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, türkmen ýaşlaryny ylymly-bilimli, beden taýdan sagdyn, watançylyk ruhunda sazlaşykly terbiýelemek ugrunda ýadawsyz aladalar edilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň ähli ulgamynda bolşy ýaly, sport ulgamynda-da gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň bu ugra berýän üns-aladalarynyň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda sport mekdepleriniň arasynda bedenterbiýe we sporty giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Türgenleşikleri yzygiderli we maksada okgunly alyp barmak sport taýýarlygynyň esasy düzüm bölegi bolup durýar.

Ezberler ýetişdirilýär

Gahryman hem mähriban Prezidentimiz türkmen halkynyň saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýe we sporty ösdürmegiň iňňän uly ähmiýetine üns berýär. Sebäbi durmuş tejribesinden görnüşi ýaly, sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolup durýar. Şonuň üçinem Arkadag Prezidentimiz halk köpçüligini, öňi bilenem, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek bilen il- -gün bähbitli işe badalga berdi. Biziň döwrebap sport mekdebimizde-de ýaşlaryň onlarçasy sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýar. Bilşimiz ýaly, sportuň woleýbol görnüşi ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, onuň bilen meşgullanýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Men sport mekdebimizde türgen gyzlara sportuň woleýbol görnüşi boýunça tälim berip, olaryň ussat woleýbolçylar bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanýaryn. Mekdebimizde ezber woleýbolçylary ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Biz häzirki wagtda şu günüň bildirilýän talaplaryny berk berjaý edip, woleýbolçy gyzlar bilen türgenleşikleri geçirýäris.

Saglygyň sakasy

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Sakarçäge etrabynda hem ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Şu günler jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilýän sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän duşuşyklaryň dowamynda ýaşlary sporta çekmek barada yzygiderli gürrüňler edilýär. Bilşimiz ýaly, bedenterbiýe we sport saglygyňy goramagyň, bedeniňi berkitmegiň iň ilkinji we esasy şerti hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenilip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň hatarynda bedenterbiýe we sport bilen saglygyňy berkitmek hem esasy orny eýeleýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi ähli ýaşdaky adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň hemrasyna öwrülýär. Etrabymyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilip durulýar. Şol geçirilýän ýaryşlaryň ýeňijilerine etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan Hormat hatlary we kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň gymmatbaha sowgatlary gowşurylyp durulýar.

Sport syýasatynyň gadamlary

Gyzgalaňly geçdi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni şanly wakalara, beýik ösüşlere, zähmet üstünliklerine beslenýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamy hem barha kämilleşýär. Ösüşli Diýarymyzda ýaş nesli ruhy taýdan sagdyn terbiýelemek üçin ýurdumyzda birnäçe sport mekdepleriniň gurlup, berilmegi ýaş türgenleriň sporty söýmäge höwesini artdyrýar. Etrabymyzyň sport mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlaryň we ýaş türgenleriň sporta bolan söýgüsini güýçlendirmek maksady bilen dürli sport bäsleşikleri gurnalýar.

Türkmenistanyň Baýdagy XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda buýsançly parlaýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolýar. Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylýan 2021-nji ýylda ýurdumyzyň sport ulgamynda taryhy wakalar köp boldy. Şu döwürde türkmen türgenleri sebit we halkara derejeli sport bäsleşiklerine gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Türkmen sportunyň şöhraty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sporty barha ösýär. Munuň şeýle bolmagynyň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sport-sagaldyş hereketiniň täze belentliklere çykmagyna gönükdirýän taýsyz tagallalary dur. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan sport syýasaty netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde — obalarda, şäherçelerde, şäherlerde häzirki zaman sport desgalary gurlup, ulanylmaga berildi hem-de olarda ýaşlaryň türgenleşmegi we sportda taplanmagy ugrunda ýokary derejedäki şertler döredildi. Şeýle üns-alada sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, sporty özüne hemra edinýän ýaşlaryň sanynyň artmagynyň baş şertini emele getirdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy», şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminama berkarar Watanymyzda sporty goldamak we ilatyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kämilleşdirmek hem-de türkmen sportuny has-da belende götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny döretmek babatynda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen,

Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hy

Adam­lar ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri haý­sy­dyr bir maşk ýa-da sport bi­len meş­gul­la­nyp­dyr­lar. Sport gör­nüş­le­ri, esa­san, oýun­lar bi­len bag­ly bo­lup­dyr. Sport be­de­ni­ňi ber­kit­mä­ge, ça­la­syn­ly­gy­ňy, hüş­gär­li­gi­ňi art­dyr­ma­ga we beý­le­ki ukyp­la­ry­ňy kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şol se­bäp­li dür­li halk­lar­da dür­li sport gör­nüş­le­ri we oýun­la­ry peý­da bo­lup­dyr. Dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän bu oýun­la­ryň ta­ry­hy hem ir­ki dö­wür­le­re uzap gid­ýär. Il­kin­ji olim­pi­ýa oýun­la­ry mi­la­dy­dan öňki 776-njy ýyl­da Gre­si­ýa­da­ky Olimp da­gy­nyň (ýur­duň çä­gin­dä­ki iň be­ýik dag) go­la­ýyn­da­ky ady­bir se­bit­de ge­çi­ri­lip­dir. Olim­pi­ýa sö­zi hem şol at bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Il­ki­baş­da bu ýer­de tür­gen­ler öz ara­la­ryn­da yl­ga­mak ar­ka­ly bäs­le­şip­dir­ler. Bir gün do­wam ed­ýän ýa­ryş­da ini 32 metr­lik, uzyn­ly­gy 192 metr­lik ara­lyk ge­çi­lip­dir. Bu oýun­lar ýe­ňil at­le­ti­ka­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne şert dö­re­dip­dir. Soň­ky ýyl­lar­da dür­li ara­lyk­lar­da dür­li oýun­lar gu­ra­lyp­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len boks, gö­reş, at ara­ba­ly ýa­ryş­lar hem go­şu­lyp, olim­pia­da­nyň do­wam­ly­ly­gy 5 gü­ne ýe­ti­ri­lip­dir. Il­ki 8 ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler soň­lu­gy bi­len 4 ýyl­dan ge­çi­ri­lip baş­la­nyp­dyr. Bu bäs­le­şik­le­re gat­naş­jak tür­gen­le

100 metr ylgaw ýaryşynyň ýeňijileri

To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň iň naý­ba­şy sport gör­nü­şi ýe­ňil at­le­ti­ka ha­sap­lan­ýar. Ýe­ňil at­le­ti­ka­nyň ara­syn­da-da 100 metr ara­ly­ga yl­ga­mak bäs­le­şi­gi­niň aý­ra­tyn or­ny bo­lup, bu bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri dün­ýä­niň iň çalt şah­sy­ýe­ti ha­sap­lan­ýar. Bu ugur­da ame­ri­ka­ly tür­gen­ler öňe saý­lan­sa-da, soň­ky 3 Olim­pia­da­da er­kek­dir ze­nan­la­ryň ara­syn­da ýa­maý­ka­ly yl­gaý­jy­la­ra taý ta­py­la­nok. 100 met­re yl­ga­mak­da ýa­maý­ka­ly Usain Bol­tuň 3, ame­ri­ka­ly Karl Lýu­wi­siň 2, ze­nan­lar­dan ame­ri­ka­ly Wa­ýo­mia Ta­ýe­siň, Geýl Di­wer­siň hem-de ýa­maý­ka­ly Şel­li-Enn Freý­zer-Praý­syň 2 al­tyn me­da­ly bar. 100 metr yl­gaw ýa­ry­şy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri (er­kek­ler):

«Ba­wa­ri­ýa», «Re­al Mad­rid», «Bar­se­lo­na» öň­de­li­gi eýe­le­ýär­ler

Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da iň köp Ger­ma­ni­ýa­nyň hem-de Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry ýe­ňiş ga­zan­dy. Şol nuk­daý­na­zar­dan iň köp şol ýur­duň klub­la­ry­nyň we­kil­le­ri-de çem­pi­on­lyk ga­za­nan fut­bol­çy­lar­dyr. Ger­ma­ni­ýa­nyň «Ba­wa­ri­ýa» to­pa­ry iň köp fut­bol­çy­sy Ýew­ro­pa­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan klub­dur. Şu wag­ta çen­li bu klu­buň 19 fut­bol­çy­sy yk­ly­myň iň uly ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Bu gör­ke­zi­ji «Re­al Mad­rid­de» 16-a deň­dir. «Bar­se­lo­na­ly» fut­bol­çy­la­ryň 15-si, «Ýu­wen­tu­syň» oýun­çy­la­ry­nyň 10-sy yk­lym ýa­ry­şyn­da çem­pi­on di­ýen de­re­jä my­na­syp bol­du­lar. «Bor­do», «Bo­rus­si­ýa D», «Bo­rus­si­ýa M», «In­ter», «Wa­len­si­ýa» klub­la­ryn­dan 9, «Mi­lan» we «Mo­na­ko­dan» 8, «Çel­si», «Slo­wan Bra­tis­la­wa­dan» 7, «Köln», «Pa­na­ti­nai­kos», «Sa­ra­go­sa» klub­la­ryn­dan 6, AEK, «Aýaks», «Li­wer­pul», «Na­po­li», PSŽ, PSW, «Wer­der» klub­la­ry­nyň 5 fut­bol­çy­sy­na-da bu bag­ta ýet­mek mi­ýes­ser et­di.

Futbolyň, tennisiň, woleýbolyň, basketbolyň Olimpiýa çempionlary

Spor­tuň fut­bol gör­nü­şi Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­syn­da di­ňe 2 ge­zek ha­sa­ba alyn­ma­dy (1896, 1932). Şu wag­ta çen­li iň köp Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň (1952, 1964, 1968) hem-de Weng­ri­ýa­nyň (1900, 1908, 1912) Olim­pi­ýa ýy­gyn­dy­lary al­tyn me­dal ga­zan­dy (3 ge­zek). Urug­wa­ýyň (1924, 1928), ozal­ky SSSR-iň (1956, 1988), Ar­gen­ti­na­nyň (2004, 2008) 2 çem­pi­on­ly­gy bar. Ka­na­da­nyň (1904), Bel­gi­ýa­nyň (1920), Ita­li­ýa­nyň (1936), Şwe­si­ýa­nyň (1948), Ýu­gos­la­wi­ýa­nyň (1960), Pol­şa­nyň (1972), Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­nyň (1976), Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­nyň (1980), Fran­si­ýa­nyň (1984), Is­pa­ni­ýa­nyň (1992), Ni­ge­ri­ýa­nyň (1996), Ka­me­ru­nyň (2000), Mek­si­ka­nyň (2012) hem-de Bra­zi­li­ýa­nyň (2016) Olim­pi­ýa ýy­gyn­dy­la­ry 1 ge­zek mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da-da 1996-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­linýän ýa­ryş­lar­da ABŞ 4 (1996, 2004, 2008, 2012), Nor­we­gi­ýa (2000) bi­len Ger­ma­ni­ýa-da (2016) 1 ge­zek al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy.

50 ýyl­dan soň çem­pi­on bol­dy

Ame­ri­ka­nyň Mil­li Bas­ket­bol Li­ga­sy NBA-da çem­pi­on bel­li bol­dy. Il­kin­ji 2 oýun­da as­gyn ge­len «Mil­wa­ki Baks» soň­ky 4 du­şu­şyk­da «Fi­niks Sans» to­pa­ryn­dan üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. Fi­nal oýun­la­ry­nyň 5-nji du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da 123:119 ýe­ňiş ga­za­nan «Mil­wa­ki Baks» 6-njy du­şu­şy­gy öz meý­dan­ça­syn­da ge­çir­di. To­pa­ryň ýyl­dy­zy Ýan­nis An­te­to­kunm­po­nyň 50 utuk, 14 ri­baund, 5 blok gör­ke­zi­ji­ler bi­len çy­kyş eden du­şu­şy­gyn­da «Mil­wa­ki Baks» 105:98 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de, umu­my ha­sap­da 4:2 öňe saý­la­nan «Mil­wa­ki Baks» to­pa­ry 50 ýyl­dan soň NBA-nyň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. Bu ola­ryň ikin­ji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, to­par mun­dan öň 1971-nji ýyl­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Fi­nal du­şu­şyk­la­ry­nyň iň ök­de oýun­çy­sy (MVP) diý­lip, çem­pi­on to­pa­ryň gre­si­ýa­ly ýyl­dy­zy Ýan­nis An­te­to­kunm­po saý­lan­dy. Ol fi­nal oýun­la­ryn­da Şa­kil O’Nil­den soň or­ta­ça 40 utuk, 10 ri­baund­lyk ne­ti­je gör­ke­zen ikin­ji bas­ket­bol­çy bol­dy. Ga­ly­ber­se-de, Ýan­nis An­te­to­kunm­po bas­ket­bo­lyň iki ägir­di Maýkl Jor­dan (1988) we Ha­kim Ola­ju­won­dan (1996) soň 3 baý­ra­gy alan, ýag­ny ada­ty möw­sü­miň iň ök­de oýun­çy­sy, ýy­lyň go­rag­çy­sy hem-de fi­nal oýun­la­ry­nyň iň ök­de bas­ket­bol­çy­sy saý­la­nan üçün­ji oýun­çy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.

Yzly-yzyna ikinji üstünligi

Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly we­los­port bäs­le­şi­gi bo­lan «To­ur de France» ýa­ry­şy ta­mam­lan­dy. 108-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «UAE Te­am Emi­ra­tes» to­pa­ry­nyň slo­we­ni­ýa­ly tür­ge­ni Ta­dež Po­ga­çar ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 3 müň 414,4 ki­lo­metr­lik ara­ly­gy 82 sa­gat 56 mi­nut 36 se­kunt­da ta­mam­lap, bu ýa­ryş­da yz­ly-yzy­na 2-nji ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 8-nji tap­gyr­dan soň sa­ry köý­nek­çä­ni eg­ni­ne ge­çi­ren 22 ýaş­ly Po­ga­çar gy­zyl me­nek­li (dag ýa­ryş­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­si) hem-de ak (ýaş­la­ryň ara­syn­da) reňk­li köý­nek­çe­le­ri hem geý­di. «Te­am Jum­bo–Vis­ma» to­pa­ry­nyň da­ni­ýa­ly we­lo­si­ped­çi­si Ýo­nas Win­ge­gor 2-nji, «Ineos Gre­na­diers» to­pa­ry­nyň ek­wa­dor­ly tür­ge­ni Ri­çard Ka­ra­paz 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Utuk top­la­mak­da «Deceu­ninck–Quick-Step» toparynyň bri­ta­ni­ýa­ly tür­geni Mark Ka­wen­diş ýe­ňiş ga­zan­dy. To­par­la­ryň ara­syn­da «Te­am Bah­ra­in Victo­rious» çem­pi­on­ly­ga my­na­syp bol­dy. Bu ýa­ryş­da 4 tap­gyr­da ýe­ňiş ga­za­nan Mark Ka­wen­diş «To­ur de France» bäs­le­şi­gin­de umumylykda 34 tap­gyr­da ýe­ňi­ji bol­dy. Ol bu ugur­da bel­gi­ýa­ly ro­wa­ýa­ty tür­gen Ed­di Merk­siň re­kor­dy­ny gaýtala­dy.

Il­kin­ji bi­rin­ji­li­gi

Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň (WRC) mö­wsü­miň 7-nji ýa­ry­şy Es­to­ni­ýa­da ge­çi­ril­di. Ýa­ryş­da 933,77 ki­lo­metr ara­ly­gy 2 sa­gat 51 mi­nut 29,1 se­kunt­da ta­mam­la­nan «Toyo­ta Ga­zoo Racing» to­pa­ry­nyň fin sü­rü­ji­si Kal­le Ro­wan­pe­ra ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu 20 ýaş­ly sü­rü­ji­niň il­kin­ji üstünligi bo­lup, ol WRC-de ýe­ňiş ga­za­nan iň ýaş sü­rü­ji hök­mün­de re­kord goý­dy. «Hy­un­dai Shell Mo­bis» to­pa­ry­nyň sü­rü­jileri – ir­landiýaly Kreýg Brin bi­len bel­gi­ýa­ly Ti­er­ri Noý­will, de­giş­li­lik­de, 2–3-nji orun­la­ry eýe­le­di­ler. Möw­sü­miň no­bat­da­ky ýa­ry­şy 15-nji aw­gust­da Bel­gi­ýa­da ge­çi­ri­ler.

99-njy ýeň­şi

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 10-njy ýa­ry­şy Be­ýik Bri­ta­ni­ýa «Gran Pri­si» Ang­li­ýa­nyň Sil­wers­to­un şä­her­çe­si­niň ady­bir tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. Ýa­ry­şyň il­kin­ji öw­rü­min­de çem­pi­on­lyk ug­run­da ýi­ti gö­reş alyp bar­ýan 1-nji ýer­dä­ki Maks Wers­tap­pen bi­len Lýu­wis Ha­mil­to­nyň ulag­la­ry ki­çeň­räk çak­ny­şyk ge­çir­di. Çak­ny­şy­gyň ne­ti­je­sin­de, gol­lan­di­ýa­ly sü­rü­ji Wers­tap­pen ýa­ry­şy do­wam et­di­rip bil­me­di. Çaknyşyk sebäpli saklanan ýaryş tä­ze­den baş­la­dy we 10 se­kunt­lyk je­ri­me alan bri­ta­ni­ýa­ly Ha­mil­ton 4-nji or­na düş­di. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, üs­tün­lik­li çy­kyş eden «Mercedes» to­pa­ry­nyň pi­lo­ty Ha­mil­ton 58 aý­la­wy 1 sa­gat 58 mi­nut 23,284 se­kunt­da ta­mam­lap, pel­le­ha­na­dan bi­rin­ji bo­lup geç­di. Şu möw­süm­de 5 ýa­ryş­dan soň il­kin­ji, umu­my­lyk­da 4-nji ýeň­şi­ni ga­za­nan Ha­mil­ton kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 99-njy ge­zek bir bäs­le­şi­gi bi­rin­ji orun­da ta­mam­la­dy. Ha­mil­ton­dan 3,871 se­kunt yza ga­lan «Fer­ra­ri­niň» mo­na­ko­ly sü­rü­ji­si Şarl Lek­ler 2-nji, «Mercedes» to­pa­ry­nyň fin pi­lo­ty Walt­te­ri Bot­tas 3-nji ýe­ri eýe­le­di. 10 ýa­ryş­dan soň «Red Bull» to­pa­ry­nyň gol­lan­di­ýa­ly sü­rü­ji­si Wers­tap­pen 186 utuk bi­len öň­de­li­gi­ni sak­lap gel­ýär. 2-nji orundaky Ha­mil­to­nyň 177, 3-nji bas­gan­çak­da­ky bri­ta­ni­ýa­ly Lan­do Nor­ri­siň («McLa­ren») 113 utu­gy