"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Çagalary haçan sporta ugrukdyrmaly?

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Çagalary 3-4 ýaş aralygynda sporta ugrukdyrmak bolar. Bu ýaşda çagalaryň bedeni we hereketleri sport bilen meşgullanyp başlamaga taýýar bolýar. Şu döwürde olaryň fiziki ösüşini goldamak üçin diňe sportda başlangyç ädimleri ätdirmek gerekdir. Ilki oýunlar, esasanam, milli oýunlar bilen meşgullanan çagalar sportuň görnüşleri boýunça türgenleşiklere tiz girişýärler. Biz muňa öz bakja-bagymyzda terbiýelenýän çagalaryň mysalynda hem göz ýetirýäris.

Sportuň ösüşli menzilleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly türkmen sportunyň şan-şöhratyny arşa göteren wakalara baý boldy. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjegindäki Olimpiýa şäherçesiniň Gyşky oýunlar sport toplumynda Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň, Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi buýsançly wakalar bolup, berkarar Watanymyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilýändigini görkezdi. Bu ýaryşlarda ildeşlerimiziň gazanan üstünlikleri her birimizi buýsandyrýar. Şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabat şäherinde ýokary derejede we guramaçylykly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi, şanly ýylyň 6-njy sentýabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu zatlar bolsa dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine saldamly goşant goşýan ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belentdiginiň dabaralanmasydyr.

Akyl-paýhas oýny

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Adam aň-düşünjesiniň, pikirleniş ukybynyň ösmeginde akyl-paýhas oýunlarynyň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle oýunlaryň hatarynda küşt-şaşka bilen birlikde, düzzüm oýnuna hem gyzyklanma barha artýar. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň hatarynda küşt, şaşka we düzzüm boýunça ýaryşlaryň, çempionatlaryň yzygiderli geçirilmegi bu ugurda ökde, ezber oýunçylaryň kemala gelmegine getirýär.

Ýeňiş (Hekaýa)

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Şageldi agalaryň öýleriniň öňündäki ullakan tut agajynyň aşagy hemişekileri ýaly köp adamlydy. Geň galaýmaly ýeri bolsa adam köpem bolsa hiç kimden ses-üýn çykanokdy. Hemmeleriň nazary küşt tagtasynyň başyndaky iki adama we küşt tagtasyndaky atlara dikilipdi. Ähli adamyň ünsüni çekýän zat bolsa küşt oýnunyň düýn başlap, tamamlanman, bu gün hem dowam edýänligidi. Ýene-de bir oýnyň täsin ýeri bolsa oýunçylaryň ýaşydy. Kyrk ýyla golaý daýhan birleşikde baş hasapçy bolup işlän, obada küşt oýnunda hiç kimden utulmadyk Babajan aganyň garşydaşy uniwersitetiň fizika fakultetiniň dördünji ýyl talyby Mergendi. Dogrusyny boýun almaly bolsa-ha Mergeniň küşt boýunça ilkinji halypasy Babajan aganyň özüdi. Ýanaşyk goňşy bolup ýaşansoňlar oglan wagtlary Mergeni ýitirseň Babajan aganyň ýanyndan tapaýmalydy. Babajan aga-da bu zehinlije oglana ýaltanman-ýadaman küşt oýnamagy öwrederdi. Bu gün bolsa halypa-şägirdiň ýolbaşçylygynda şadyr piliň, atyň, ruhdur perziniň gatnaşmagynda küşt tagtasynyň üstünde «söweş» guralýardy. Mergeniň özüne galsa-ha ýaşuly halypasyny hormatlap ýeňlip oturyberjek. Emma şägirdiniň bilgeşleýin ýeňlenini aňaýsa Babajan aganyň gaty görjegi ikuçsyzdy. Oýun dowam edýärdi. Göçüm gezegi Babajan aganyňkydy. Onuň pikire çümeninden peýdalanan Mergeniň hyýaly bir pursatlyk Uniwersitete giräýen döwri bolan ýaryşa tarap uçdy.

Paýhas oýnunyň ussatlary

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Sport oýunlarynyň arasynda taryhyny asyrlardan alyp gaýdýany-da, ynsan aňynyň ösüşi, oýlap tapyşlary esasynda dörän täze görnüşleri-de bar. «Beýniniň grammatikasy» diýlip atlandyrylan küşt oýny akyl-paýhasy bir ugra jemläp oýnalýan sport görnüşleriniň biridir.

«Arkadag» toparynyň nobatdaky üstünligi

«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar. Arkadag şäheriniň adybir topary ýurdumyzyň Ýokary ligasyndaky çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni ýurdumyzyň Kubogy bilen ýetirdi. Bu topar «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Topara ýeňiş getiren goly oýnuň 45-nji minutynda Begenç Akmämmedow geçirdi. 2023-nji ýylyň başynda döredilen «Arkadag» toparynyň Kubok bäsleşiginde bassyr ikinji ýyl ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. Geçen möwsüm geçirilen final duşuşygynda bu topar «Ahaly» 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

«Arkadag» topary Türkmenistanyň kubogynyň finalyna çykdy

«Arkadag» futbol topary ýarymfinal duşuşyklarynda Balkanabadyň «Nebitçisinden» üstün çykyp, Türkmenistanyň kubogynyň finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Sanlyja günden geçiriljek final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» toparlary duşuşar. Bu iki topary geçen ýyl hem Kubok ýaryşynyň finalynda biri-birine garşydaş bolupdylar. Finala çenli ýolda «Arkadag» topary çärýek finalda «Şagadamy» iki duşuşykda 3:0 we 3:1 hasaplarynda utup, adyny ýarymfinala ýazdyrdy. Ýarymfinalda bolsa topar iki duşuşykda «Nebitçiniň» derwezesinden iki duşuşykda 12 gol geçirdi.

Sport. Dostluk. Bagtyýarlyk

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Bal­ka­na­bat şä­he­ri­niň Gum­dag şä­her­çe­si­niň 6-njy we 7-nji sport mek­dep­le­ri bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Bal­ka­na­bat şä­her Ge­ňe­şi «Sport bi­ziň sag­ly­gy­myz­dyr» ady bi­len mil­li gö­reş bo­ýun­ça Gum­dag şä­her­çe­si­niň sport mek­dep­le­ri­niň tür­gen­le­ri­niň ara­syn­da bi­rin­ji­lik ge­çir­di. Ýa­ryş­da 1-nji or­na Kuw­wat Baý­ram­dur­dy­ýew, 2-nji or­na Jeý­hun Sö­ýün­mäm­me­dow, 3-nji or­na Ka­kyş Se­ýi­dow my­na­syp bol­dy. Ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bo­lanlara Gum­dag şä­her­çe­si­niň 6-njy sport mek­de­bi­niň Hor­mat hat­la­ry we Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Bal­ka­na­bat şä­her Ge­ňe­şi­niň ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Sport habarlary

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Akyl-paý­has oýun­la­ry bo­ýun­ça bäs­le­şik

Sam­bo gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 2024-nji ýy­lyň 10-njy de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li ta­lyp­lar sport fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň sport top­lu­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk baý­ra­my­nyň 29 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da Sam­bo gö­re­şi (og­lan­lar) bo­ýun­ça ýa­ryş ge­çi­ril­di.

Sport – çaga zehinine ýardam-hemaýat

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Islendik binanyň pugtalygynyň, ygtybarlylygynyň we durnuklylygynyň onuň binýadynyň ynamly goýluşyna, düýbüniň mäkäm tutulyşyna bagly bolşy ýaly, ynsanyň bilim, terbiýe, ruhy-ahlak sypatlarynyň tutuş durkunda onuň aňyna we kalbyna körpelikden guýulýan deslapky bilim-terbiýe başlangyçlary düýpli ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçinem başlangyç synp okuwçylaryny irgözinden bedenterbiýä we sporta gözükdiriji guramaçylyk, usulyýet we höweslendiriş çäreleri geljekde bilimli, döredijilikli, düşünjeli raýatlaryň, ökde hünärmenleriň, ösen şahsyýetleriň kemala gelmegine wajyp badalgadyr.

ELEKTRON SPORT: ÝÖNEKEÝ GÜÝMENJEDEN HAKYKY HÜNÄRE ÇENLI

Häzirki zaman jemgyýetini kompýuter tehnologiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, garaz ähli pudaklarda kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Göräýmäge, sport janlylygy, ýaryşyjylygy bilen tapawutlanýanlygy üçin kompýuter tehnologiýasyna zerurlyk ýüze çykmajak ýaly, ýöne tersine, türgeniň sportda kämilleşmegi üçin onuň ähmiýeti uly. Meselem, futbolda we basketbolda ulanylýan kompýuterleşdirilen täze enjamlar bellenilen aralyga, bellenilen tizlikde topy zyňmagy ýa-da sportuň käbir görnüşlerinde türgenleşik zallarynyň köpüsiniň sport inwentary hökmünde ulanylmagy, köpüsinde türgen, ýagny garşydaş hökmünde kabul edip, bäsleşip bolýanlygy türgenleşikleriň hiline täsir edip, netijeliligi artdyrýar. Şeýlelikde, maglumatlar we internet eýýamynda kompýuter tehnologiýalarynyň peýdalanylşynyň ýaýbaňlanmagy netijesinde sportuň täze görnüşiniň emele gelmegine täsir etdi. Kompýuter sporty ýa-da elektron sport (e-sport) diýlip atlandyrylýan kibersportuň taryhy 1997-nji ýyldan – KSL-niň (kompýuter sport ligasynyň) döredilen wagtyndan başlanýar diýlip hasaplanylsa-da, kompýuter oýunlaryny oýnamak boýunça ilkinji köpçülikleýin ýaryş geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Stenford uniweristetinde 25 oýunçynyň gatnaşmagynda Spacewar oýnuny oýnamak boýunça geçirilýär. 1980-nji ýyllarda elektron sport esasan, täze döredilen pristawkalaryň (oýun enjamlary) hasabyna kämilleşdi.

Sagdyn nesil – röwşen geljek

Ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda şahsyýetiň kämilliginiň hem-de sagdyn jemgyýetiň gözbaşy hökmünde bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlar durmuşda we jemgyýetde mynasyp orun tapyp, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine goşant goşýarlar. Garaşsyz Watanymyzda döwrebap sport düzümlerini döretmek babatda dünýä nusgalyk işler amala aşyryldy. Bu günki gün ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde döwrebap enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we merkezleri halkymyza hyzmat edýär. Ýurdumyzda mekdep ýaşyna çenli edaralaryňdyr umumybilim berýän mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, olarda sport düzümleriniň bolmagy hökmany talap hasaplanylýar. «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygar astynda dürli ýaşdaky we kärdäki ildeşlerimiziň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşikler bolsa sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge ýardam edýär.

Futbol täzelikleri

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň edara binasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy boldy. Onuň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy «D» toparçada Tailandyň, Hytaý Taýbeýiniň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparlary bilen duşuşar.

Halypalar futbol meýdanynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda halypa-şägirtlik ýoly giň gerimde dowam etdirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasynda türkmen türgenleri öz döwründe netijeli çykyş eden halypalar bilen egin-egne berip türgenleşik işlerini geçmäge mümkinçilik alýarlar. Ine, ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen «Nebitçi» futbol klubunyň guramagynda Balkan welaýatynyň hem-de paýtagtymyzyň halypa futbolçylarynyň arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowamy boldy. Balkanabat şäherindäki «Sport toplumy» stadionyna ýanaşyk futbol meýdanynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli guralan ýoldaşlyk duşuşygy köp sanly futbol janköýerleriniň ünsüni özüne çekdi. Şeýle bolmazça hem däldi, çünki şol gün türkmen futbolynyň taryhynda yz goýan halypa futbolçylar duşuşýardylar. Janköýerlere öz söýgüli futbolçylary bilen pikir alyşmaga, dürli maslahatlary diňlemäge hem mümkinçilik döredildi.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Täze zaman» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda hapkido boýunça Aşgabat şäheriniň açyk Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda Resul Döwletgeldiýew (32 kg), Aýhan Mämmedow (32 kg), Ybraýym Jumaýew (35 kg), Nowruz Ylýasow (38 kg), Muhammetresul Täçmyradow (33 kg), Şahtiýar Rahimow (50 kg), Pälwan Hudaýgulyýew (46 kg), Resul Begenjow (55 kg), Orazmyrat Işanmyradow (55 kg), Bezirgen Jumadurdyýew (75 kg), Serdar Oraznepesow (80 kg), Röwşen Şamyradow (85 kg) baýrakly orunlary eýeledi. Ýaryşyň umumy netijesi boýunça Aşgabat şäheriniň topary ýeňiji boldy.

Bedenterbiýe we sport

Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň döw­re­bap sport mek­dep­le­rin­de ýaş tür­gen­ler spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tä­lim al­ýar­lar we dür­li ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, bar­ha kä­mil­leş­ýär­ler. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­mi­ziň ta­lyp ýaş­la­ry hem us­sat tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ryň tä­lim ber­me­gin­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýär­ler. Şeý­le hem ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ryn­da be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň äh­mi­ýe­ti giň­den wa­gyz edil­ýär. Bi­ze aja­ýyp za­ma­na­da oka­ma­ga, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­ga dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag­bol­sun aýd­ýa­rys. Üzümgül HAJYÝEWA,

Taryhda şu gün

Şeýle-de, dabarada möwsümiň iň owadan goly hem mälim edildi. Geçirilen ses berlişikde Ronaldunyň 2008/2009 möwsümiň Çempionlar ligasynyň çärýekfinalynda «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde «Porto» toparyna geçiren topy saýlanyldy.

Sport — sagdyn durmuş ýörelgesi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň hem-de etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde  guramagynda «Sport — sagdyn durmuş ýörelgesi» diýen at bilen sportuň şaşka, küşt görnüşleri boýunça geçirilen ýaryş çekeleşikli boldy. Gyzykly pursatlara baý bolan ýaryşa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlardan düzülen toparlar  gatnaşyp, ökdeler öňe saýlandylar. Olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

FI­FA ýy­lyň iň go­wu­la­ry­ny saý­la­dy

Hal­ka­ra fut­bol fe­de­ra­si­ýa­lar as­so­sia­si­ýa­sy­nyň «FI­FA The Best» baý­rak­la­ry­nyň bu ýyl­ky ýe­ňi­ji­le­ri bel­li bol­dy. Ka­ta­ryň Lu­sa­il şä­he­rin­de ge­çi­ri­len da­ba­ra­da ýy­lyň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip, «Re­al Mad­ri­diň» bra­zi­li­ýa­ly ýyl­dy­zy Wi­ni­si­us Ju­ni­or saý­lan­dy. «Al­tyn to­py» is­pa­ni­ýa­ly Rod­rä al­dy­ran Wi­ni­si­us Ju­ni­or bu ge­zek mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. Ol 48 utuk alyp, is­pa­ni­ýa­ly Rod­ri­den (47 utuk) hem-de to­par­da­şy Jud Bel­lin­gam­dan (37 utuk) köp ses al­ma­gy ba­şar­dy. Wi­ni­si­us FI­FA ta­ra­pyn­dan ýy­lyň oýun­çy­sy saý­la­nan 6-njy bra­zi­li­ýa­ly fut­bol­çy bo­lup, on­dan öň Lu­is Ro­nal­do (3), Ro­nal­di­nio (2), Ro­ma­rio, Ri­wal­do hem-de Ka­ka 2009-njy ýyl­dan ozal FI­FA Dün­ýä­de ýy­lyň fut­bol­çy­sy baý­ra­gy­ny ga­za­nyp­dy­lar. Ar­gen­ti­na­ly Emi­lia­no Mar­ti­nes ýy­lyň der­we­ze­çi­si, ita­li­ýa­ly Kar­lo An­çe­lot­ti ýy­lyň tä­lim­çi­si diýlip saý­lan­dy.