IT hyzmatlaryny üpjün ediji «Atlassian» korporasiýasy öz işini döwrebaplaşdyrmagy we serwer hyzmatlary diýlip atlandyrylýan hyzmatlardan doly ýüz öwrüp, hyzmatlaryň ähli ulanyjylaryny bulut hyzmatlaryna geçirmegi meýilleşdirýär. «Atlassian» korporasiýasynyň artykmaçlygy sebäpli, häzirki wagtda 226500 müşderisi bar. Korporasiýa platformada ýylda 30 müň dollar sarp edýän her bir müşderisiniň bulut müşderisi bolansoň, üç ýylda, takmynan, ABŞ-nyň 94500 dollaryny sarp etjekdigini çaklaýar.
Häzirki wagtda «Atlassian» ABŞ-nyň 29 milliard dollary möçberindäki bazar dolanyşygy bilen, öňdebaryjy ornuny saklamagy başarýar.