Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

19 Aprel 2022
1574

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli pudaklarda uly ösüşler gazanylyp, beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda hem sanly ulgamyň döwrebap mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Munuň üçin ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilip, täze tehniki serişdeler ornaşdyrylýar. Bular barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip belleýär.

Häzirki döwürde türkmen jemgyýeti kämilligiň röwşen ýolundan batly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwlet diňe halky bilen döwletdir, halk bolsa ylym-bilim, paýhas bilen kämilleşýär. Şunda ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Annadursun TATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar