Sanly ulgam — ösüşlere badalga

14 Aprel 2022
1809

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna, edara-kärhanalaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy netijesinde sanly maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň kemala gelýändigini aňladýar.

Döwrebap maliýe bazarynda ýaşlaryň maliýe taýdan sowatlylygy hem-de olaryň töwekgelçilige bolan gatnaşygynyň arasynda hem özara baglanyşygynyň bardygy seljerilýär. Maliýe sowatlylygynyň derejesi ýokarlandygyça adamda töwekgelçilige tarap ymtylma peselýär. Bu bolsa maliýe taýdan özbaşdak pikirlenmäge we deňeşdirmäge esaslanýan, şol bir wagtyň özünde bolup biläýjek töwekgelçilikden baş alyp çykarýan çözgütleri kabul etmek üçin amatly gurşawy döredýär. Netijede, her bir adamyň şahsy we maşgala býujetini özbaşdak dolandyrmak, geljek üçin süýşürintgi toplamak, şeýle hem jemgyýetde özüni doly özleşdirmek bilen bagly ukyplarynyň emele gelmegine hem täsirini ýetirýär.

Şemşat KIÇIGULOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar