Bu ýoldan öňem kän gezek gatnapdym. Ýöne her gezegem nämüçindir, şu binanyň deňine ýetenimde, kalbymy täsin bir duýgynyň gurşap alýandygyny duýýaryn. Bu ýerlere bir mahallar kimdir biriniň ýagşy niýeti-päli, arzuw-hyýaly, umyt-yhlasy siňen bolaýmasyn?! Hut şeýle bolanda, gadymyýetiň ýaňy kalbyňy maýyl edip, özüne bakan çeker durarmyş... Ynha, gözýetimde seleňläp duran bu täsin binada Serdar şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýerleşýär.
Bina bir ýarym asyr bäri şäheriň merkezinde binagärlik aýratynlygy bilen üstünden ýoly düşen islendik adamyň ünsüni özünde egleýär. Ol baryp-ha XIX asyryň ahyrlarynda gurlan ymarat bolup, onuň gurluşygy üçin daşlary Serdar şäherini alkymlap oturan Köpetdagyň dag gerişlerinden getiripdirler. Bina 1882-nji ýylda gurlup başlanyp, 1884-nji ýylda doly tamamlanypdyr. Şu ýyl muzeýiň binalarynyň gurluşygynyň başlananyna 140 ýyl dolýar. Muzeýiň baş direktory Rahman Aşyrow bilen söhbetdeş bolanymyzda, şäher taryhynyň gymmatlyklaryny özünde jemleýän binanyň özüniň hem taryhy ýadygärlikdigini belläp geçdi.