Nemes awtoulag ägirdi «Volkswagen» ýakyn bäş ýylda Demirgazyk Amerikada 7,1 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem bu kompaniýa 2030-njy ýyla çenli sebitdäki önümçiligine 25 sany täze elektrik ulagyny goşar.
Amerikanyň «Volkswagen» toparynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Skott Keog kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli ABŞ-nyň satuwynyň 55 göterimini ähli elektrikli ulaglara öwürmegi, şeýle-de şu ýyl «ID.4» elektrik modelini öndürip başlamagy we täze «ID.Buzz» elektrik awtoulagyny 2024-nji ýylda ABŞ-da satmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy. Ýeri gelende aýtsak, kompaniýa 2030-njy ýyla çenli bolsa Ýewropada 70 göterim elektrik ulagy öndürmegi maksat edinýär.