Iň köp sa­tyn al­nan smart­fon­lar

27 Mart 2022
1250

«Om­dia» sel­je­riş kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýyl­da iň köp is­leg bil­di­ri­len smart­fon­la­ryň sa­na­wy­ny çap et­di. Sa­na­wa la­ýyk­lyk­da, «Sam­sung Ga­laxy A12» 2021-nji ýyl­da iň köp sa­ty­lan smart­fon diý­lip yg­lan edil­di. Dün­ýä ba­za­ryn­da smart­fo­nyň bu mo­de­li­niň 51,8 mil­lio­ny sa­tyl­dy. Ikin­ji or­ny 41,7 mil­lion gör­ke­zi­ji bi­len «App­le»-iň  «iP­ho­ne 12»-si eýe­le­di. Iň köp sa­tyn al­nan üçün­ji smart­fon «iP­ho­ne 13» bol­dy. «App­le» bu mo­de­li­niň 34,9 mil­lio­ny­ny sat­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da, sa­na­wyň il­kin­ji bäş­li­gin­de  «iP­ho­ne 11» we «Xiao­mi Red­mi 9A» smart­fon­la­ry­nyň at­la­ry bar.

Ylýas BERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar