Dünýä täzelikleri

23 Mart 2022
1369

Iň uzyn asma köpri

Türkiýäniň Çanakkale şäherinde, Dardanel bogazynyň üstünden dünýäniň iň uly asma köprüsi açylyp ulanmaga berildi. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän bu täsin köprüniň umumy uzynlygy 4600 metre, onuň iki sany asma direg diňiniň aralygy bolsa 2 kilometrden gowrakdyr. Umumy bahasy 2,8 milliard dollar bolan asma köpri bäş ýylyň dowamynda gurlup ulanylmaga berildi. Köprüniň gurluşygy türk we koreý gurluşykçylarynyň özara hyzmatdaşlygy esasynda alnyp barlyp, ol onýyllygyň dowamynda dünýäde alnyp barlan täsin inženerçilik desgalarynyň biridir. Köpri Ýewropa we Aziýa sebitleri üçin örän ähmiýetli desga bolup, ol sebitleriň arasyndaky geçilmeli ýoly 200 — 300 kilometr gysgaldýar. Şeýle hem, onuň astyndan ägirt uly gämiler hem bökdençsiz geçip bilýärler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar