Sanly ulgam arkaly

23 Mart 2022
1313

Ýurdumyzda ähli ulgamlarda sanly ulgama geçmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem resminamalaryň dolanyşygy kämil kompýuter programmalary we tehnologiýalar arkaly tiz wagtda, ýokary hilli maglumat goraglylygyny üpjün etmek bilen ýerine ýetirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Gullukda ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen harby gullukçylaryň öz işlerini has-da ýokary derejede ýerine ýetirmegi üçin degişli meýilnama laýyklykda Döwlet migrasiýa gullugymyzyň ähli düzüm birlikleriniň arasynda sanly ulgam arkaly göni wideoaragatnaşykda okuw sapaklary yzygiderli guralýar. Harby gullukçylar bu okuw sapaklarynyň dowamynda okuw kitaplaryny hem-de ulgama degişli kadalaşdyryjy hukuknamalaryny okap, öwrenip öz işlerinde giňden peýdalanýarlar. Bulardan başga-da, harby gullukçylarymyzyň öz bilim derejelerini has-da artdyrmaklary, iş ugurlary bilen bagly täzelikler, habarlar bilen dessine tanyşmaklary üçin Gullukda elektron kitaphana ulgamynyň döredilmegi, nakyllaryň, atalar sözleriniň, şygyrlaryň hem-de ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallaryň elektron görnüşde harby gullukçylara elýeterli bolmagy olaryň işden boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaga, okap öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar