Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

22 Mart 2022
1431

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, dürli ulgamlarda döwrebap şertler döredilýär. Şonuň netijesinde hem sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşa geçirilýär we döwrebaplaşdyrylýar.

Sanly ulgam hakyndaky adalgalar ösen tehnologiýalar, kompýuter programmalary, aragatnaşyk serişdeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi dürli ugurlarda tiz çözgütleri kabul etmäge gönükdirilendir. Bu günki gün sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tiz ösüşi gazanyp bolýar. Bu, esasan, ösüşe tizlik berýän esasy ugurlaryň biridir. Sanly ykdysadyýet diýlip sanly ulgamdan peýdalanylyp, dürli ulgamlaryň, pudaklaryň sanlylaşdyrylmagynyň durmuşa geçirilmegine düşünilýär. Şunda, esasan hem, bir bitewi ulamyň döredilmegi, sanly programmalaryň üpjün edilmegi bilen işler anyk ýola goýulýar.

Merjen TÄÇMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar