Döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti

22 Mart 2022
1474

Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň aýdyň ýolunda häzirki zamanyň kämil maglumat tehnologiýalary bilen hemmetaraplaýyn üpjün edilen ösen jemgyýeti kemala getirmek esasy ugur bolup durýar.

Eziz Diýarymyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryna sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak işleri giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň mekdeplerinde okuwçylaryň kompýuter tehnologiýasyny özleşdirmeklerine giň mümkinçilik döredilýär. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna hem-de geçýän okuw derslerini täsirli özleşdirmegine kömek edýär. Bilim, ylym babatda netijeli ösüşleri gazanýan ýurdumyz kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hem-de goşmaça elektron hyzmatlarynyň hasabyna sanly önümçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda bilim bermek işi sanlylaşdyrylýar. Okuw maglumatlarynyň sanly gorunyň yzygiderli täzelenmegi we üstüniň ýetirilmegi ýola goýulýar.

Oguloraz SAPARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar