Iň gowy ekran — «iPhone 12 Pro Max»

8 Mart 2022
1396

Dünýäde tehnologiýa enjamlarynyň ekranlarynyň hilini barlaýan we umumy standarty kämilleşdirýän «DisplayMate»-niň hünärmenleri «Apple»-niň soňky smartfonlaryndan ekrany iň uly we iň gymmady bolan «iPhone 12 Pro Max»-yň jikme-jik synag netijelerini çap etdiler. Bu smartfon 11 kategoriýa boýunça birbada iň ýokary bahany aldy. Ozal «Apple» kompaniýasynyň telefonlarynyň hiçisi bu derejä ýetip bilmändi.

«iPhone 12 Pro Max»-yň bäsdeşlerinden üstün çykan aýratynlyklarynyň arasynda reňk takyklygy, suratlaryň kontrasty, ekranyň doly ýagtylygy, tebigy ýagtylygyň kontrasty, displeýiň ýalpyldamaga garşy goragy, ähli nokatlardan seredeniňde ekrandaky şekiliň durnuklylygy we başgalar bar. Kompaniýanyň ozalky telefony bolan «iPhone 11 Pro Max» bary-ýogy 9 kategoriýada, bir ýyl öň bolsa, «iPhone XS Max» 8 kategoriýada öňdeligi eýeläpdi.

Taýýarlan Ajap DOLYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar