Ýaponiýanyň «Panasonic» korporasiýasy «Tesla»-nyň elektrik ulaglary üçin batareýa zawodyny gurmak maksady bilen, ABŞ-da ýer satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada «NHK» jemgyýetçilik teleýaýlymy habar berdi. «Panasonic» 2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna Wakaýamadaky günbatar ýapon zawodynda «Tesla» kompaniýasy üçin täze görnüşli litiý-ion batareýasyny köpçülikleýin öndürip başlar. 4680 formatly batareýa häzirki wagtda «Tesla» tarapyndan üpjün edilýän enjamdan, takmynan, bäş esse uludyr.