Ýaponiýanyň «Sony» kompaniýasynyň şahamçasy bolan «Sony Interactive Entertainment» kompaniýasy ABŞ-nyň 3,6 milliard dollaryna wideo oýun işläp düzýän «Bungie» kompaniýasyny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Bu şertnama kompaniýanyň öňki geleşikleri ýaly, ýagny ABŞ-nyň 12,7 milliard dollaryna satyn alnan «Zynga» kompaniýasy we ABŞ-nyň 69 milliard dollaryna satyn alnan «Activision Blizzard» kompaniýasy ýaly köp möçberli girdejisi bolmasa-da, «Bungie» «Sony» kompaniýasyna kompýuter oýunlar pudagynda uly taslamalary amala aşyryp, meşhurlyk gazanmagyna uly ýardam berer.