Ýaş zehinleriň robot bäsleşigi

2 Fewral 2022
1445

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzda sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmak, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň arasynda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.    

Ýakynda Aşgabat şäherindäki 83-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda  «Zehin geler ýaşlara, Arkadagly zamanada» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşikde mekdep okuwçylary taýýarlan robotlaryny ýaryşdyrdylar. Bäsleşik dört ugur boýunça geçirildi.

Ulugberdi HANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Watan».
Beýleki habarlar