Germaniýanyň «Volkswagen» kompaniýasynyň «Volkswagen Golf» hatçbek-awtoulagy 2008-nji ýyldan bäri Ýewropa bazarynda iň köp satyn alynýan awtoulag adyna eýe bolup gelýär. Sebitde 2021-nji ýylda awtoulagyň bu modeliniň 205 müňden gowragy satyldy. Şeýlelikde, «Volkswagen Golf» ýene-de birinjilige eýe boldy. Meşhur awtoulaglaryň sanawynda ikinji ýeri «Peugeot 208» (196,9 müň awtoulag), üçünji ýeri «Dacia Sandero» (196,8 müň awtoulag), dördünji ýeri «Renault Clio» (196,2 müň awtoulag), bäşinji ýeri bolsa «Peugeot 2008» (194,7 müň awtoulag) eýelediler.
Häzirki wagtda dünýäniň ençeme internet saýtlarynda «Volkswagen Golf»-yň mahabatlary giňden ýaýbaňlandyryldy.