«Nissan» kompaniýasy täze «Nissan Pathfinder» awtoulagynyň bahalaryny yglan etdi. Oňa laýyklykda, ilkinji awtoulaglar fewral aýynda Russiýadaky «Nissan» dilerlerine geler. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy 18-nji ýanwarda mälim etdi.
Awtoulag dört bezeg görnüşinde hödürlenýär: «Business», «High Tech», «Top», «Top Comfort». «Business» awtoulagynyň bahasy 4 285 000 rubl bolup, ol 18 dýuýmlyk tigirler, «Apple CarPlay» we «Android Auto» multimediýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. «High Tech»-iň bahasy 4 715 000, «Top»-yň bahasy 4 955 000 rubla deňdir. «Top Comfort» wersiýasynyň bahasy 4 995 000 rubla barabardyr.