«Amazon» kompaniýasy Angliýada hasaplaşyk tölegleri üçin «Visa» kredit kartlaryny kabul etmegi dowam eder. Bu barada «Sky News» habar berdi. 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda «Amazon» kompaniýasy geleşikleri gaýtadan işlemek üçin, Angliýada berlen «Visa» kredit kartlary bilen tölegleri kabul etmegi bes etjekdigini aýdypdy. Geçen hepde «Amazon» kompaniýasy «Visa» bilen geçirilen gepleşikleriň netijelerine esaslanyp, kredit kartlarynyň giňeldilmegine gaýtadan seredilip bilinjekdigi barada maglumat ýaýratdy.