«Dell» tehnologiýa kompaniýasy «Bernshteyn» maýa goýum firmasyndan oňyn teswirnama aldy. «Bernshteyn» analitigi Toni Sakkonaginiň pikiriçe, kompaniýanyň önümlerine isleg ýokary. «Bernshteyn»-iň çaklamalaryna görä, «Dell»-iň ABŞ-nyň
6 – 8 milliard dollary möçberinde nagt artykmaçlygy bar. Kompaniýa müşderiler üçin kompýuterleri, noutbuklary, iş stansiýalaryny, bulut saklaýyş we maglumat alyş-çalyş çözgütlerini satýar. «Fortune 500» kompaniýasynyň her biri diýen ýaly «Dell»-iň önümlerini ulanýarlar.