Halk hojalygynyň pudaklaryny sanly ulgama geçirmekde ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Bu işler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Resminamalarda ählumumy sanly giňişligiň emele gelýän we ösýän şertlerinde sanly ykdysadyýetiň gazananlaryny nazara almak bilen, önümçilik pudaklarynyň, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň işini täzeçe guramagyň netijeli ugurlaryny emele getirmek, şeýle-de raýatlara edilýän durmuş hyzmatlarynyň düzümini we hilini kämilleşdirmek, telekeçilik, zähmet şertleri babatda täze mümkinçilikleri döretmek bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Elbetde, bu işleri doly we dogry ýerine ýetirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny uludyr.
2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanuna laýyklykda, ýurtda elektron resminama dolanyşygynyň ýaýbaňlandyrylmagyny, menzilara bank hyzmatlaryny, ýagny uzak aralykdan sanly tehnologiýalaryň üsti bilen ykdysady taýdan wagty tygşytlama ýörelgesine esaslanyp, şahsy we ýuridik taraplaryň gymmatly wagtyny, şeýle-de maliýe serişdeleriniň tygşytlanmagyny gazanmak mümkin bolýar. Sanly ykdysadyýetiň durmuşymyza çuň ornaşmagy bilen, kanunçylyk namalarynda bellenilýän elektron söwda, elektron pul, elektron gol, sanly haryt, sanly satuw ýaly düşünjeler halkyň arasyna giňden ornaşýar. Bu adalgalara ýönekeý raýatlaryň hem düşünmegi sanly ulgamy ornaşdyrmaga we ony has-da kämilleşdirmäge amatly şert döredýär. Bu hyzmatlaryň ähli pudaklara ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimizde netijeli ösüş gazanmaga çelgi bolup hyzmat edýär.