Sanly ulgamyň önümi

14 Ýanwar 2022
1189

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Degişli ugurda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda ykdysadyýetimiz sanlylaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda programma üpjünçiligi bilen işleýänleriň ýokary hilli enjamlar we internet ulgamy bilen üpjün edilmegi, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagy hem-de ýokary hilli bilim almaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär.

Wepa DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar