Hytaýyň «TikTok» internet ulgamy 2021-nji ýylda iň köp ulanylýan sosial ulgamyna öwrüldi. Internet ulgam 2020-nji ýylyň öňdebaryjysy «Google»-den öňe geçmegi başardy. Bu barada internet ulgamlaryň reýtingini kesgitleýän «Cloudflare» portalynda habar berilýär. Gysga wideo-görnüşleri döretmek we olara tomaşa etmek üçin esaslandyrylan «TikTok» ilkinji gezek 2021-nji ýylyň fewralynda öňe saýlandy we awgust aýyna çenli öňdebaryjylygy elden bermedi. Häzir bolsa, 2020-nji ýylda ýedinji bolan «TikTok», «Google»-den öňe geçip, ýene birinjiligi eýeledi, üçünji ýerde «Facebook» sosial ulgamy barýar. Sanawyň ilkinji onlugyna «Microsoft», «Apple», «Amazon», «Netflix», «YouTube», «Twitter» we «WhatsApp» saýtlary girdiler.