«So­lectrac e70N» elekt­rik trak­to­ry «Idea­no­mics»-iň ösü­şi­ne tä­sir et­di

5 Dekabr 2021
1335

Teh­ni­ki ma­ýa go­ýum fir­ma­sy «Idea­no­mics» şu hep­de oňyn ösüş ga­zan­dy. «Idea­no­mics»-iň ösü­şi­ne «So­lectrac»-yň Ka­li­for­ni­ýa­da ge­çi­ri­len «Wi­ne Show»-da «So­lectrac e70N» elekt­rik trak­to­ry­nyň gör­ke­zil­me­gi iter­gi ber­di. Mag­lu­mat üçin, «Idea­no­mics» ozal «So­lectrac»-yň paý­na­ma­la­ry­ny sa­tyn alyp­dy.

«So­lectrac e70N» elekt­rik trak­to­ry uly önüm­çi­lik ba­za­ry­na gö­nük­di­ri­len­dir. Üzüm ön­dü­ri­ji­ler bu ma­şyn­la­ry di­ňe bir ýan­gyç tyg­şyt­la­mak üçin däl, eý­sem, daş­ky gur­şa­wy has go­w­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len hem ula­nyp bil­ýär­ler. «So­lectrac»-yň bu üs­tün­li­gi «Idea­no­mics»-iň paý­na­ma­la­ry­na oňyn tä­sir et­di. Umu­man aý­da­nyň­da, «Idea­no­mics»-iň elektrik ulag­lar ul­ga­myn­da uly ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­li­gi bar.

Taýýarlan: Döwletgeldi NAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar