Döwrebap mümkinçilikler

18 Noýabr 2021
1312

Sanly ykdysadyýet — bu sanly tehnologiýalara esaslanan, elektron işewürlik, elektron söwda we olar bilen öndürilýän hem-de sarp edilýän elektron harytlaryň we hyzmatlaryň jemidir. Başgaça aýdylanda, sanly ykdysadyýet sanly kompýuter tehnologiýalaryň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşykly ulgamdyr. Bu gün Ýer ýüzüniň ýarysyndan gowragy internetden peýdalanýar. Barlaglaryň netijesi 100-den gowrak döwletlerde sanly ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny we ösüş potensialyny görkezdi.

Türkmenistan döwletimiz hem sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi üçin ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmeginde tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň peselmegini üpjün etmek bilen internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.

Myrat KULYÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň müdiri uly döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar