Hünärmentçiligiň irki nusgalary

6 Ýanwar 2021
2248

Orta Aziýada aýna işlenilip bejerilendigi baradaky ýazuw ýatlamalaryna Hytaý ýyl ýazgylarynda gabat gelinýär. Olarda biziň eýýamymyzyň V asyrynyň birinji çärýeginde reňkli aýna ýasaýan ussalar barada habar berilýär.

Alymlar olaryň ýerli ussalar tarapyndan öndürilendigi baradaky netijä gelýärler. Abu Bekr Muhammet ar-Raziniň  alhimiýa degişli traktatynda aýna ýasalyşy, onuň görnüşleri barada käbir maglumatlar bar. Bu eseri okap, aýnanyň ýasalyş usulynyň ýola goýluşyna akyl ýetirmek bolýar. Ýygyndyda aýnanyň dürli görnüşiniň bolandygy barada aýdylýar.

Maýlybaý KULYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.