«International Data Corparation» kompaniýasynyň seljermelerine laýyklykda, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäde smartfonlaryň satuwynyň möçberiniň 6,2 göterim ýokarlanyp, olaryň sanynyň 1,24 milliarda çenli artmagyna garaşylýar. Smartfon satuwynda öňdebaryjy kompaniýalaryň başynda, elbetde, «Apple» durýar. Sanawyň yzygiderliligini bolsa, smartfon öndüriji ägirtler, ýagny «Xiaomi», «Samsung», «Oppo» ýaly
kompaniýalar düzýär.