Gaýyby nika

28 Noýabr 2024
274

Işigimizdäki gelinbarmak üzümli teläriň aşagyndaky tagta seki, kakam aýtmyşlaýyn: «Bagy-zagan — zenanlar köşgüdi». Kakamyň bu diýmegi 1400-nji ýyllarda hyratly türkmen Gara Ýusubyň uýasy Göwherşadyň zenanlar üçin ýörite saldyran bagly-bakjaly mekdebini aňladýardy. Uzyn-uzyn tomus günleri goňşy daýzalar, eneler alajalyk ýüplerini, jorap örýän ýumaklaryny alyp, ertir guşlukda gelişlerine günortanyň öň ýany dagardylar. «Gep başy — iňňejik» edip, öýden getiren toşapdyr mürepbesini, etlidir ýagly nanyny, göklüdir kädili gutabyny orta üýşürip, oba täzeliklerinden başlaýan öý bikeleri bir gürrüňe gyzansoň, geçmişiň gatyna siňip giderdiler. Tumar şa, Selime soltan, Soltan Sanjaryň ejesi Ogulsapar, Jelaleddin Menguberdiniň ejesi Aýjeren, Agaýunus peri, Uzan mama dagy hamala diýersiň goňşuçylykda ýaşan köne tanyşlary ýalydyr.

Bir sapar Nury mama zenan ömrüni sanap, «Gulpakly, gabak, ulugyz, malygeçen, gelin, gaýtarma, keýwany, oral aýal, ene-mama, kempir» diýip oturyşyna, gaýyby nikaly başy boglany-da ýatlady welin, goňşy gelinleriň biri: «Kasymyň enesem käte-käte parsylaberýär» diýdi.

Ogultäç ANNAÝEWA,
mirasgär.