Ruhy çyragyň ýalkymy

21 Noýabr 2024
203

Her bir setiri akyl-paýhas ölçegine öwrülip, halkymyzyň kalbynda orun alan türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy dürdäne parasady bilen diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ruhy çyragyna öwrüldi. Pyragynyň arzuwlan zamanyna gowşup, şahyryň erkin, asuda, binýady berk döwleti gurmak baradaky islegleri ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hukuk taýdan berkidildi. Onuň agzybirlik, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşamak, parahatçylygy saklamak baradaky ündewleri hem Garaşsyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry hökmünde Konstitusiýamyzda orun aldy. Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna aýratyn üns berýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dana şahyryň adyny ebedileşdirmek işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýy uludan tutulýar.

Röwşen DUŞEMOW,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy.