Bütin ömrüni çopançylyk edip geçiren Begli babanyň hakyda horjunyny dörjeläp gürrüň beren bu wakasy mende örän uly täsir galdyrdy. Onsoň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde şany-şöhraty dünýä dolýan türkmen alabaýy bilen baglanyşykly il arasynda rowaýata öwrülip giden bu wakany söýgili gazetimiziň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildim.
Begli bile önüp-ösen dosty Mergen bilen obanyň çekenesini bakýan eken. Uly obanyň mal-garasy ýetik bolansoň, iki dost agyr sürini bile örä kowup, bile-de oba dolaýar eken. Ýaşlyk ýelgini, ýigitlik heseri başyna uran iki dost her gün mal yzynda ýörüşlerine öz deň-duşlary bolan oba gyzlaryny ýeke-ýekeden ýatlap, geljekki durmuşy barada hyýal ýüwürder eken. Aý-güne gutarma ýok, wagt-warak aýlanyp, iki dost hem men diýen ýigit bolup ýetişýär. Olaryň öz nesibelisini saýlap-seçmeli wagty gelýär. Ine, şonda iki dostuň ikisi hem Aý ýüzli, serwi boýly, dili şeker, eli işli Näzik atly gyza aşykdygyny syzdyrýarlar. Begli bilen Mergeniň arasynda ýüze çykan aşyk-magşuklyk dawasyny çözmegi «Kimi saýlasa, özi saýlap-seçsin» diýen pikir bilen Näzigiň özüne goýýarlar. Näzik Beglini saýlaýar. Toý sähedi bellenilip, ýaşlar bagtly maşgala gurmagyň arzuwynda gün sanap başlaýarlar.