Halkymyzyň taryhynda irki döwürlerden bäri meşgullanylyp gelinýän hünärleriň arasynda awçylyk esasy orny eýeleýär. Tebigatymyzyň ýabany haýwanlara we guşlara baý giňişliklerinden suw guşlaryny, keýikdir towşanlary awlaýan türkmen awçylary örän hüşgär hem ýiti nazarly, ugurtapyjy bolupdyrlar.
Suw guşlaryny tutmak bilen meşgullanan awçylar tor, hepbik, duzak gurmak ýaly usullary ulanypdyrlar.