Müňlerçe ýyllyk geçmiş taryhymyza göz aýlasak, türkmeniň şöhrata beslenen argamak bedew aty bar, öljegini bilse-de, eýesiniň ojagyny, mal-mülküni gorap, ýyrtyjy wagşylar bilen garpyşan gaýduwsyz alabaý iti bar.
* * *
It adamzadyň ilkinji eldekileşdiren jandarlarynyň biri saýylýar. Itiň eldekileşdirilip ugralan döwrüni dowar malynyň eldekileşdirilen döwri bilen senelemek dogry bolsa gerek.
* * *
Aslynda, dünýä ýüzüne ýaýran dürli itleriň arasynda türkmen iti iň gadymy hasaplanylýar. Käbir maglumatlara görä, türki gunlaryň baýdagynda türkmen itiniň kellesiniň şekili bolupdyr. Şol döwürlerde gun esgerleriniň ýanynda ýörite uruş üçin niýetlenen läheň türkmen itleri saklanylypdyr.
* * *
Güjügiň agzyny açyp seredeniňde ýokarky äňi gap-gara bolsa, ol örän edenli bolup ýetişer. It janawar: «Eýämiň on sany ogly bolsa, olaryň hersi burnumyň garasy ýaly nan berse bolany» diýermiş.
* * *
Läheň göwreli, gazan kelleli, aýy penjeli, ýumşak häsiýetli, wepaly itler türkmende bar.
* * *
Türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn kömekçisi, wepaly dosty hasaplapdyr. Onuň tohumynyň arassa saklanmagy, terbiýesiniň kemsiz ýetirilmegi üçin müňýyllyklaryň dowamynda yhlas-zähmetini gaýgyrmandyr.
* * *
Ynsanyň iň bir ýakyn dosty, goragçysy hasaplanýan alabaýlar türkmeniň geçmişinde, häzirki döwründe esasy orny eýeleýändir. Olaryň duýgurlygy, hüşgärligi, wepadarlygy hem-de kyn günüňde ýakyn dost kimin ýardam edýänligi aýdylana güwälikdir. Türkmen milletini, onuň geçmişini alabaýsyz asla göz öňüne getirmek mümkin däl.