Pyragynyň şanly ýyly – adamzadyň kämil ýoly

9 Oktýabr 2024
366

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli toý-dabaralara giň gerim berilýär. Ynha, ertir paýtagtymyzda dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň, meşhur ýazyjy-şahyrlaryň, edebiýatçy alymlaryň gatnaşmaklarynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlaýar. Bu bolsa dana şahyrymyzyň edebi mirasyna dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýändiginden nyşandyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň taryhynyň her bir ýyly dabaralara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Olaryň arasynda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy toýlanylýan 2024-nji ýylyň aýratyn orny bardyr. Magtymguly Pyragynyň bakylygy türkmen halkynyň, berkarar döwletimiziň bakylygydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň sarpalanylmagy dünýädäki ähli gowulyklaryň, haýryň, parahatçylygyň, agzybirligiň, dostlugyň, ynsanperwerligiň sarpalanylmagydyr. 2024-nji ýylyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bilen adybir atlandyrylan gününden başlap, bütin türkmen halkynyň, bütin dünýäniň magtymgulysöýerleriniň kalby şygryýetiň parlak güneşiniň nuruna çoýuldy.

Baýram AKATOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.