Durmuş döwrebaplygy

29 Awgust 2024
99

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi netijesinde edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Bulardan başga-da, ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumy işe girizildi. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýol yşyklar, agyz suwunyň, tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnaldy. Oturdylan hasaplaýjy enjamlary dolandyrmak işini amala aşyrýan tor ulgamlarynyň üsti bilen alynýan maglumatlar gurlan Wi-Fi zolagynyň, enjamlaryň serwerleriniň, serwer goşundylarynyň programma üpjünçiliginiň üsti bilen agyz suwuň, tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň maglumat binýadyny toplap, degişli edara-kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmäge ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherinde ornaşdyrylýan sanly ulgamlary dolandyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly işleriň alnyp barylmagyna, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Olar Arkadag şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň suw, tebigy gaz, elektrik akymy bilen üpjünçiligini dolandyrýan we olaryň sarp edilişine gözegçilik edýän hasaplaýjy enjamlaryň hasaba alýan maglumatlaryny täze sanly tehnologiýalaryň üsti bilen merkezi tor ulgamyna goşmak işini amala aşyrmak bilen, resminama dolanyşygyny döretmäge, täze «akylly» şäheriň kemala gelmegine öz goşantlaryny goşdular.

Nurmyrat GULMÄMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar