Milli elektron senagaty: «Bilimli» noutbuklar — körpelere ajaýyp sowgat

24 Awgust 2024
157

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda ak mekdebe ilkinji gezek gadam goýup, 1-nji synpa okuwa barýan bagtyýar körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleriň sowgat berilmegi indi ajaýyp däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen ýola goýlan şeýle asylly işleri, giň gerimli bilim özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz islendik döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösmeginiň ylym bilen aýrylmaz baglydygyny nygtaýar. Şunda ykbaly ýazylmadyk ak kagyza meňzeýän, bilimler dünýäsiniň bir gyrasyndan ýaňy ilkinji ädimleri ädýän bagtyýar çagalaryň her birine noutbuk kompýuterleriň sowgat hökmünde gowşurylmagy ýaş nesliň kiçilikden döwrebap düşünjeli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi babatda örän uly ähmiýete eýedir. Taryhy wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ugurda netijeli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 23-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine öz ýurdumyzda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 1-nji awgusta çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki taýdan hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy, şeýle-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Şondan bäri geçen döwrüň dowamynda bu ugurda depginli işler alnyp barlyp, degişli wezipeler doly ýerine ýetirildi. Döwür bilen aýakdaş gitmegi maksat edinip, döwrebaplyga we täzeçillige, ylmyň gazananlaryna esaslanýan şeýle işleriň milli hünärmenlerimiz tarapyndan ýerine ýetirilýändigi hem-de uly üstünliklere beslenýändigi örän guwandyryjydyr.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar