Milli medeniýetiň şuglasy

23 Awgust 2023
396

Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi ösdürmek we onuň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak babatda beýik işleri amala aşyrýar. Türkmen medeniýeti özüniň baý taryhy ýadygärlikleri, çuň mazmunly ruhy baýlygy, nusgawy edebiýaty, şirin saz sungaty, nepis halysy, ahalteke bedewleri, amaly-haşam sungatynyň dürdäneleri, milli şaý-sepleri, taryhy ýadygärlikleri bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Mähriban halkymyz dünýä medeniýetiniň gazananlaryna ägirt uly goşant goşan halkdyr. Merdana pederlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda çeper we ylmy edebiýaty bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna örän uly goşant goşupdyrlar. Gadymy Merwde, Gürgençde, Nusaýda şol döwrüň meşhur kitaphanalary bolupdyr. Orta asyryň meşhur alymlary, şahyrlary we jahankeşdeleri şeýle täsin desgalary dünýäniň hiç bir künjeginde görmändigini öz işlerinde belläpdirler.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, medeniýet halkyň kalbydyr, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk halklary doganlaşdyrýar, dostlaşdyrýar. Milli medeniýet halkyň taryhyny we şu gününi, dünýägaraýşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny özünde jemleýär. Şunda gözel paýtagtymyz Aşgabatda gurlan Medeniýet şäherçesi we halklary has-da ýakynlaşdyrýan Olimpiýa şäherçesi, täze gurlan teatrlardyr muzeýler, täsin seýilgähler we gojaman Hazaryň kenaryndaky akylyňy haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün mähriban halkymyzyň gözel kalbynyň owazyny, dünýägaraýşyny, ruhy baýlygyny, ýaşaýşa, durmuşa bolan söýgüsini ajaýyp keşbi, gözelligi bilen äleme äşgär edýär.

Şeker HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar