Ugurtapyjy Ýartygulak

17 Iýul 2023
872

Ugurtapyjy, kiçijek oglanjyk hakynda eşitdiňizmi?! Hawa, ady — Ýartygulak. Kiçijik bolsa-da, onuň elinden gelmeýän işi ýok. Ol bir gün zähmet çekip ýören kakasyna iýer-içer ýaly nahar eltip berse, ýene bir gün kakasyna ýer sürmäge kömek edip ýör.

«Ýartygulak» türkmen halk ertekisini okap gören bolsaňyz, gysga boýluja oglanjyk ýagşy niýetli adamlaryň arkasynda durup, bet pygylly adamlary diýseň ýazgarýandyr, ýamanlyga garşy durup, diňe ýagşylygyň tarapynda hereket edýändir. Ol il-günüň hem «berekellasyny» alyp, uly alkyşyna mynasyp bolýar. Şol sebäpli-de, ony il-gün diýseň gowy görýär, sylaýar, oňa uly hormat goýýar. Her gezek «Ýartygulak» ertekini okanymdan soň, menem şolar ýaly il-güne gerekli, wepaly ogullaryň biri bolmagy arzuw edýärin.

Orazberdi ORAZBERDIÝEW,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 133-nji orta mekdebiň okuwçysy.
Beýleki habarlar