Täzelikçi kompozitor

13 Iýul 2023
501

XVIII asyr italýan opera-seriasynda we fransuz liriki tragediýasynda täzeleniş döreden, gelip çykyşy boýunça çeh bolan awstriýaly kompozitor Kristof Willibald Glýuk 1714-nji ýylyň 2-nji iýulynda Bawariýada dünýä inýär. Ony fransuzlar hem öz kompozitory hasaplaýarlar.

Tokaý sakçysynyň ogly K.Glýuk mekdep ýyllarynda horda aýdym aýdypdyr, dürli saz gurallaryny çalmagy öwrenipdir. Ol 1731-nji ýylda Praga uniwersitetiniň logika we matematika fakultetine okuwa girýär. Durmuş ýetmezçiligi sebäpli, ol okuwynyň gapdalyndan gazanç etmeli bolupdyr. Ýöne, ahyrsoňy, ol okuwyny taşlap, 1736-njy ýylda Wena göçüp gaýdýar. Şäherde ýaşaýan gurply saz muşdaklarynyň biri onuň okuwyny dowam etdirmegine ýardam berýär. Durmuşynyň şeýle öwrüm almagyndan ruhlanan ýaş ýigit opera eserlerini döretmäge başlaýar. Onuň operalary Milanda uly üstünlik gazanansoň, Italýan opera teatrynyň direktory wezipesine işe çagyrylýar.

Taýýarlan Züleýha KADYROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.
Beýleki habarlar