Juwanlygyň joşguny bilen

12 Iýul 2023
505

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym! — 2023» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynda Halaç etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeň aýdymçysy Saparmyrat Tekäýew bilen Saýat etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeň aýdymçysy Babajan Rozyýew has tapawutlanyp, ýeňiji boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Saparmyrat Tekäýew Halaç etrabynyň Esenmeňli obasynda önüp-ösýär. Kakasy Annaguly aga maşgalada 6 perzendiň körpesi Saparmyradyň bagşy bolmagyny arzuw edip, oňa heniz 5 ýaşyndaka dutar sowgat edýär. Kiçiliginden oňa dutarda saz çalmagy, aýdym aýtmagy öwredip başlaýar.

Mahym ROZYÝEWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar