Türkmen mukamlary dünýä ýaň salýar

12 Iýul 2023
744

Medeniýet halklaryň arasyndaky dostana gatnaşyklary çuňlaşdyrýan, pugtalandyrýan özboluşly köprüdir. Sungatyň dürli ugurlary boýunça guralýan bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary bolsa ykbalyny bu inçe senede baglan adamlaryň kämilleşmeklerinde, özara tejribe alyşmaklarynda möhüm ähmiýete eýedir. Ynha, golaýda goňşy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde ýaş aýdymçy-sazandalaryň, hor toparlaryň arasynda geçirilen halkara bäsleşigi hem bu babatda örän ähmiýetli boldy. Dünýäniň ençeme döwletlerinden gelen ýaş sungaty söýüjiler özara tejribe alyşmaga, döredijilik gorlaryny baýlaşdyrmaga mümkinçilik aldylar. Halkara bäsleşiginde ýurdumyza wekilçilik etmek Çärjew, Dänew etraplarynyň ýaşlaryna hem miýesser etdi.

Bilşimiz ýaly, Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebi welaýatymyzda öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Bu bilim ojagynda ýaşlaryň sungat äleminde kämilleşmekleri ugrunda ähli tagallalar edilýär. Esasan-da şu mekdepde zähmet çekýän Ilgar Atahanowyň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Täjik topragynda guralan bäsleşikde-de onuň ýolbaşçylygyndaky hor topary çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy. Toparyň düzüminde çykyş eden Jennet Jumagulyýewanyň, Dinara Bazarowanyň, Resul Myratjanowyň, Yhlas Jumanazarowyň, Aýlar Ýazmyradowanyň we beýleki aýdymçylaryň Rejep Allaýarowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen «Kebelek» atly aýdymy ýerine ýetirişlerine emin agzalary hem, tomaşaçylar hem ýokary baha berdiler. Ýeri gelende aýtsak, bu topar halkara bäsleşigiň ýapylyş dabarasynda hem Batyr Soltanowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň sözlerine «Ýagyş ýagýar» atly aýdymy ýerine ýetirip, diňleýjilere ruhy lezzet paýlady.

Myrat BAGŞYÝEW.
Beýleki habarlar